Türkmenistan ýanwar-awgust aýlarynda «mawy ýangyjyň» çykarylyşyny we eksportyny düýpli artdyrdy
11:35 14.09.2021 7497
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp meselelerine garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde nebiti we gaz kondensatyny çykarmagyň hem-de nebiti gaýtadan işlemegiň tehniki-ykdysady görkezijileri barada maglumat berildi. Benzin öndürmek boýunça meýilnama 107,5 göterim, polipropilen önümçiliginiň meýilnamasy 109,7 göterim, tebigy we ugurdaş gaz çykarmagyň meýilnamasy 122,1 göterim, mawy ýangyjy eksport etmegiň meýilnamasy 133,6 göterim, maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy bolsa 102,1 göterim berjaý edildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň pudaklaýyn edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz bu ugurda öňde durýan anyk wezipeler barada aýdyp, nebitiň çykarylýan möçberlerini artdyrmagyň, nebiti gaýtadan işleýän kärhanalaryň doly güýjünde işledilmeginiň, suwuklandyrylan gazyň we beýleki önümleriň öndürilýän mukdaryny köpeltmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany bu ugra degişli ylmy düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda alymlar bilen bilelikde maslahat geçirip, bar bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, nebitiň baý gorlary bolan geljegi uly känleriň mümkinçiliklerini seljermek, şeýle hem “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň we “Türkmennebit” döwlet konserniniň öňünde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy tabşyrdy.
Türkmen Lideri nebiti gaýtadan işleýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmaga döwlet tarapyndan goldaw berilýändigini belläp, olary doly güýjünde işletmek bilen baglanyşykly meseleleri degişli derejede çözmegi tabşyrdy.
Nebitgaz toplumyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleri doly seljermegi we olaryň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.