Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Özbegistana barar
09:01 10.09.2021 7800
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti ýakynda Özbegistan Respublikasyna resmi sapar bilen barar. Onuň dowamynda hyzmatdaşlyk boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekiler. Sapara taýýarlyk meseleleri ýakynda geçirilen iş maslahatynyň barşynda maslahatlaşyldy.
Maslahatyň barşynda wise-premýer E.Orazgeldiýew Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň ýakynda geçiriljek nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berip, onuň jemleri boýunça dürli ugurlarda özara bähbitli ylalaşyklara gol çekmegiň meýilleşdirilýändigini belledi.
Türkmen Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasyna ýakynda boljak saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklar boýunça degişli resminamalara gol çekiljekdigini aýdyp, bellenilen halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere özüniň özbek kärdeşi bilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň öňümizdäki hepdede boljak nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyljak meseleler we gazanyljak ylalaşyklar barada pikir alyşmagy we onuň anyk senesini kesgitlemegi tabşyrdy.
Häzir dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan hem-de halk hojalygynyň köp pudaklaryny öz içine alýan köptaraply türkmen-özbek gatnaşyklary okgunly häsiýeti bilen tapawutlanýar. Ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklar, geljegi uly meýilnamalar iki ýurduň arasynda özara bähbitlere laýyk gelýän syýasy, söwda we medeni gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmaga gönükdirilendir – diýip, türkmen Lideri belledi.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.