TNGIZT «An-2» kysymly uçarlar üçin awiabenziniň önümçiligini ýola goýdy
19:45 06.09.2021 7288
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy tarapyndan oba hojalygynda giňden peýdalanylýan «An-2» kysymly uçarlar üçin awiabenzininiň önümçiligi ýola goýuldy. Bu barada geçen anna güni wise-premýer Şahym Abdrahmanow Hökümet mejlisinde habar berdi.
Bellenilişi ýaly, täze ýangyç «Türkmenhowaýollary» agentliginiň ýüztutmasy esasynda öndürilip başlandy. Şunuň bilen baglylykda, suwuklandyrylan gazdan awtomobil ýangyjy üçin ýokary oktanly goşundysyny alýan desgada benzinleriň ýokary oktanly komponenti öndürildi. “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy tarapyndan bu önüme laýyklyk güwänamasy resmileşdirildi.
Zawodlar toplumy tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalygynda giňden ulanylýan “An-2” kysymly uçarlary milli ýangyç serişdeleri bilen doly üpjün etmek hem-de ýangyjyň bu görnüşini sebitiň ýurtlaryna eksport etmek meýilleşdirilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu möhüm ugurda geçirilen işleri makullap, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri hökmünde ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň wajypdygyny nygtady. Türkmen Lideri nebitgaz ulgamyny mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilişini artdyrmagyň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutany wise-premýere nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda bellenen wezipeleri çözmek babatda pudagyň önümçilik düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.