Türkmenistanyň we BAE-niň wekilleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar
11:54 04.09.2021 7366
29-njy awgustdan Birleşen Arap Emirliklerinde saparda bolýan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň toplumy boýunça gepleşikleri geçirdiler.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýan, Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň Aziýa ýurtlary boýunça orunbasary, Döwlet ministri Ahmed Al Saýyk, şeýle-de BAE-niň Energetika we senagat işleri boýunça ministri Suheýl Al Mazrui bilen duşuşyklary geçirdi.
Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda iki döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik özara hereketleri, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine aýratyn üns berildi.
Duşuşyklaryň barşynda taraplar şeýle-de Owganystandaky häzirki ýagdaýlar bilen bagly meselelere hem seredip geçdiler. Ýagdaýlaryň parahatçylykly çözülmegi ugrunda bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň derwaýyslygy nygtaldy.
Şeýle-de 31-nji awgustda türkmen wekiliýeti BAE-niň «Mubadala» kompaniýasynyň ýolbaçysy bilen geçirilen duşuşygyň barşynda maýa goýum, maliýe we gazhimiýa ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar öň gazanylan ylalaşyklary hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmek maksady bilen, ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny giňeltmegiň möhümdigini nygtadylar.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine sapary dowam edýär.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.