Owganystan sebitiň ösüşine ýardam edýän «Bir guşak, bir ýol» hytaý maksatnamasyny goldaýar — «Talibanyň» wekili
19:44 06.09.2021 15866
Owganystanda häkimiýet başyna geçen «Taliban» hereketi Hytaýy esasy halkara hyzmatdaşy hökmünde görýär diýip, hereketiň wekili Zabiulla Mujahid aýtdy. Bu barada Interfaks habar berýär.
«Hytaý biziň esasy hyzmatdaşymyz bolup durýar, ol biziň üçin binýatlaýyn mümkinçilikleri hödürläýar, çünki ol biziň ýurdumyza maýa goýmaga we ony dikeltmäge taýýar» - diýip ol La Repubblica italýan gazetine interwýusynda aýtdy.
Mujahid Pekin tarapyndan durmuşa geçirilýän «Bir guşak, bir ýol» maksatnamasy barada aýratyn belläp, onuň «gadymy Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmäge ýardam etjekdigini» belledi. Ol şeýle hem Hytaýyň Owganystanyň dag magdan senagatyny dikeltmäge hem ýardam etmegine umyt bildirdi.
«Hytaý biziň dünýä bazarlaryna çykalgamyzdyr» - diýip ol belledi.
Öň Hytaýyň DIM-i Hytaýyň daşary işler ministriniň kömekçisi U Szýaonyň «Taliban» hereketiniň Katardaky Syýasy edarasynyň direktorynyň orunbasary Abdula Salam Hanafi bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirendigini belledi. U Szýao Owganystandaky ýagdaýlaryň düýpli üýtgemelere sezewar bolandygyny we «geljekki Owganystanyň ykbalynyň ýene-de owgan halkynyň elindedigini » belledi.
Hytaý diplomatynyň bellemegine görä, Pekin Owganystanyň garaşsyzlygyny, çäk bitewüligini, özbaşdaklygyny elmydama hormatlady we owgan halky babatda dostlukly syýasaty durmuşa geçirdi. Ol Owganystanyň «gysga wagtda parahatçyygy we durnuklylygy gazanyp, ajaýyp ýurdy dikeltjekdiklerine» ynam bildirdi.
Hanafi owgan häkimiýetleriniň «Bir guşak, bir ýol» hytaý maksatnamasynyň çäginde hyzmatdaşlygy goldamaga taýýardygyny beýan etdi.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.