TNGIZT-de ýedi aýda 41,6 müň tonna polipropilen öndürildi
15:45 25.08.2021 7887
Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy içerki bazarlarda bolşy ýaly, daşarky bazarlarda hem uly islegden peýdalanýan polipropileniň önümçiligini yzygiderli artdyrýar.
2021-nji ýylyň geçen ýedi aýynda bu ýerde sarp edijilere 41 müň 623 tonna ýokary hilli polipropilen öndürildi. Bu bellenilen döwür üçin göz öňünde tutulan meýilnamadan 4 müň 302 tonna artykdyr.
«Türkmenenergo» korporasiýasy Türkmenistanyň aýry-aýry etraplarynda Gün elektrostansiýalaryny gurar
«Türkmenenergo» energetika korporasiýasy Türkmenistanyň uzakdaky ilatly nokatlarynda umumy kuwwatlylygy başlangyç tapgyrda 6 MWt-dan köp bolan Gün elektrik beketlerini gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada «Türkmenenergo» korporasiýasynyň energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek gullugynyň başlygy Döwlet Allaýarow penşenbe güni Aşgabatda geçirilen «Energetiki nukdaýnazarlar we uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň täze tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahatynda belledi.
TEIF 2025 energetika, maýa goýumlar we tehnologiýa hyzmatdaşlygy üçin täze gözýetimleri açar
Türkmenistan ykdysady diplomatiýanyň täze derejesine çykýar. 2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Kuala-Lumpur şäherindäki häzirki zaman KLCC maslahatlar merkezinde geçiriljek TEIF 2025 halkara forumy energetika, durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlyk ugurlarynda ýylyň esasy wakalarynyň biri bolmagyna garaşylýar.
Arkadag şäherinde YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy geçiriler
Şu ýylyň aprel aýynda Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy geçiriler.
Aşgabatda halkara söwda we hil üpjünçiligi boýunça sergi hem-de maslahat geçiriler
29-njy aprel — 1-nji maý aralygynda Söwda-senagat edarasynda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkany hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahaty geçiriler.
Nebitgaz senagatyny ösdürmegiň täze tapgyry badalga alýar
8-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynyň dowamynda Garaşsyz döwletimizi ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek we ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.