«Fitch Ratings» agentligi Türkmenistana «В» we «В + durnukly» karz derejelerini berdi
10:41 24.08.2021 7439
«Fitch Ratings» halkara reýting agentligi Türkmenistana şu reýtingleri berdi: “B” derejede gysga möhletleýin reýting we “B + durnukly” derejede uzak möhletleýin reýting. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.
Daşary syýasat edaranyň bellemegine görä, bu reýting Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň durnukly ösüşine şaýatlyk edýär.
«Türkmenistana berlen bu reýtingler ýurduň daşary ykdysady işini mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge we beýleki döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam eder» - diýip DIM belleýär.
Türkmenistanyň reýtingleri iri gaz ätiýaçlyklary bilen berkidilýän oňyn döwlet we daşary deňagramlylygy nazara alýar, diýip «Fitch Ratings» agentliginiň saýtynda bellenilip geçilýär.
«Durnukly» çaklama «Fitch-iň» energiýa geçirijileriniň bahalarynyň we makroykdysady syýasatyň umuman deňagramly býujete we daşky operasiýalaryň hasabyna laýyk gelmegine garaşýandygyny aňladýar.
2009-njy ýyldan 2015-nji ýyl aralygynda gazyň çykarylyşyny iki esse artdyrylmagy döwlet tarapyndan dolandyrylýan ykdysadyýetiň nusgasyny goldady we häkimiýete býujet we daşarky bufer ätiýaçlyklaryny döretmäge mümkinçilik berdi diýip, agentlik teswirinde belleýär.
Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, JIÖ-niň ösüş depgini 2015-2019-njy ýyllarda 6,2%-den 6,5% aralygynda bolup, 2020-nji ýylda 5,9%-e düşdi. COVID-19 pandemiýasynyň Hytaýa gaz satuwyna we iberilmegine täsiri geçen ýylda görkezijilere ýaramaz täsir etdi.
2020-nji ýylyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň esasy serişdelerine goýlan maýa goýumlarynyň umumy mukdary 10 milliard ABŞ dollaryndan gowrak bolup, jemi içerki önümiň takmynan 23%-e barabardyr. Ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň maglumatyna görä, maýa goýumlaryň umumy mukdaryndan 60%-den gowragy önümçilik pudagynda taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirildi.
Fitch eksport bahalarynyň we energiýa geçirijileriniň artmagy bilen häzirki operasiýalryň hasaplarynyň gowulanmagyna garaşýar. Hytaýa ibermeler we Russiýa eksportyň artmagy (2019-njy ýylda gaýtadan dikeldilen) 2021-nji ýylda gazyň eksportyny goldar. Nebithimiýa we nebit önümleriniň beýleki görnüşleriniň önümçiliginiň artmagy hem uglewodorodlaryň eksportyny artdyrar diýip, Fitch hasaplaýar.
Geçen anna güni Hökümet mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Fitch Ratings» agentligi tarapyndan Türkmenistan üçin berlen halkara derejeleriň döwletimiziň halkara maliýe abraýyny ýokarlandyrmaga, ýurdumyza çekilýän maýa goýumlaryň mukdaryny artdyrmaga we karzlaryň şertlerini ýeňilleşdirmäge, netijede, Türkmenistanyň daşary ykdysady işiniň has-da ösmegine ýardam berjekdigini belledi. Munuň özi Türkmenistan üçin örän uly abraýdyr. Şonuň üçin hem Türkmenistana döwürleýin esasda derejeleri almak we ony has-da ýokarlandyrmak boýunça halkara agentlikler bilen zerur işleri mundan beýläk-de yzygiderli alyp barmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklar berildi.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.