«Taliban» hereketi TOPH we Owganystandaky beýleki infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýär - wekil
15:58 19.08.2021 8798
«Taliban» hereketi Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyna we ýurtdaky beýleki iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmeklige gyzyklanma bildirýär. Bu barada hereketiň Katardaky syýasy edarasynyň resmi wekili Mohammed Suheýl Şahin sişenbe güni Sky News teleýaýlymyna beren interwýusynda belledi.
«Biziň ýurdumyzda başga-da iri taslamalar bar. TOPH gaz geçirijisiniň, demir ýollaryň gurluşygy we beýlekiler. Biziň syýasy ugrumyz bu taslamalary durmuşa geçirmek boýunça işiň badalga almagyna umyt edýär» - diýip ol aýtdy.
Şeýle hem Şahin, «Taliban» hereketiniň ýurtda işewürligi ösdürmäge, tebigy baýlyklaryny ösdürmäge we iş ýerleri hem-de ykdysady ösüş üçin maýa goýumlary çekmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Günbatar harby düzümleriň esasy böleginiň Owganystanyň çäginden çykarylmagyndan soňra, «Taliban» hereketi ýurduň tutuş çäginden diýen ýaly gözegçiligini ýola goýdy. 15-nji awgustda hiç hili söweşsiz Kabul eýelendi.
Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani gandöküşikilige ýol bermezlik üçin wezipe borçlaryny goýandygyny we ýurtdan gidendigini aýtdy. Günbatar döwletler öz raýatlaryny we ilçihanalarynyň işgärlerini ýurtdan çykarýarlar.
Ýatlap geçsek, 6-njy awgustda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri «Awazadaǧ geçirilen Konsultatiw duşuşykda Owganystandaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdylar. Şonuň barşynda ýurtdaky ýagdaýyň gysga wagtda kadalaşmagynyň Merkezi Aziýada howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmekde möhüm ähmiýetlidigi bellenilip geçildi.
BU barada Konsultatiw duşuşygyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannamada aýratyn bellenildi. Resminama laýyklykda, bäş ýurduň ýolbaşçylary owgan jemgyýetinde raýat ylalaşygynyň we parahatçylygyň gazanylmagyna ählitaraplaýyn ýardam etmäge taýýar.
«Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleri Owganystandaky howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, bu ýurduň durmuş-ykdysady infrastrukturasyny dikeltmek we dünýä ykdysady gatnaşyklaryna gatnaşmak üçin goşant goşmaga çalyşýan ähli ýurtlaryň we halkara guramalaryň tagallalaryny goldaýar» diýlip, beýanda aýdylýar.
Şu ýylyň fewral aýynyň başynda Türkmenistanyň DIM-inde «Taliban» hereketiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikler tamamlanandan soň, Mohammad Suheýl Şahin Türkmenistandan tarapyndan Owganystanda başy başlanan infrastruktura taslamalaryna, şol sanda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna, TOP elektrik geçiriji ulgamyň we Türkmenistan – Owganystan demir ýolunyň dgurluşygyna doly goldawyny beýan etdi.
Şol bir wagtyň özünde ol bu taslamalaryň tiz wagtda gurluşygyna başlanylmagynyň Owganystanyň ykdysady taýdan gülläp ösmegine ýardam etjekdigini nygtady.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.