«Marygazüpjünçilik» müdirligi gaz torlaryny güýz-gyş möwsümine taýýarlaýarlar
15:26 17.08.2021 6964
«Marygazüpjünçilik» müdirliginiň işgärleri güýz-gyş möwsüminde bökdençsiz hem-de ygtybarly gaz üpjünçiligi üçin möhüm çäreleri bölekleýin ýerine ýetirdiler we bu ugurdaky işleri yzygiderli dowam edýärler.
Häzirki wagtda «Murgapetrapgaz» gaz hojalyk kärhanasynyň hünärmenleri umumy uzynlygy 1152 km 391 m bolan ýokary we orta basyşly gaz turbalaryna hyzmat edýärler. 93 sany gaz paýlaýyş desgalarynda we 551 sany gaz sazlaýjy enjamlarda toplumlaýyn barlag işleri geçirilýär.
Gazçylaryň esasy wezipesi — etrabyň sarp edijilerine bökdençsiz we üznüksiz gaz iberilmegini üpjün etmek. Sowuk möwsümde näsazlyklaryň we gaz üpjünçiliginiň kesilmeginiň öňüni almak üçin kärhananyň hünärmenleri gaz ulgamlaryna we desgalaryna yzygiderli gözegçilik edýärler we olary abatlaýarlar.
Şu günlerde «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Mary welaýatyny gazlaşdyrmak müdirliginiň gurluşykçylary we gurnaýjylary G.Sähetmyradow adyndaky geňeşligiň obalaryna çenli çekilen uzynlygy 3300 metr bolan ýokary absyşly gaz geçirijileriniň möçberleriniň giňeltmek boýunça netijeli işleri ýerine ýetirýärler. Şu güne çenli gaz geçirijisiniň 1410 metr böleginde gurluşyk we gurnama işleri eýýäm tamamlandy.
Mundan başga-da, Sugty geňeşliginiň täze ilatly nokatlaryna uzynlygy 2600 metr bolan orta basyşly gaz geçirijisi çekildi, üç sany gaz sazlaýjy enjam ulanyşa berildi. H.Jumaýew adyndaky geňeşligiň täze ilatly nokatlaryň ýaşaýjylary üçin 1 km uzynlykdaky orta basyşly gaz geçirijisi çekildi, bir sany gaz sazlaýjy enjam gurlup, ulanyşa berildi.
Etrabyň çäginde 32 müňden gowrak hususy hojalyk, 74 sany kärhana we edaralar ýerleşip, olar ýylyň dowamynda «mawy ýangyç» bilen üznüksiz üpjün edilýär.
Gazçylar tarapyndan ýerine ýetirilen işler gazpaýlaýjy desgalaryň kadaly işlemegini üpjün eder we geljekki ýyladyş möwsüminde sarp edijileriň gaz üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrar.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.