Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentini Özbegistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy

18:23 13.08.2021 7538

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/2728/original-16116115a1a9f4.jpeg

Özbegistanyň Prezidenti Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Özbegistana resmi iş sapara çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugatynyň penşenbe güni ýaýradan Özbegistanyň Prezidentiniň hormatly Prezidentimize iberen hatynda aýdylýar.

«Merkezi Aziýada durnuklylygy, sebitiň döwletleriniň arasynda dostlugy we ylalaşygy pugtalandyrmakda Siziň işjeň tagallalaryňyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilendigini aýratyn nygtamak isleýärin. Şunuň bilen baglylykda, Siziň başlangyjyňyz boýunça geçirilen, maksatnamalara örän baý bolan nobatdaky konsultatiw duşuşyk örän netijeli boldy we onuň aýdyň netijeleriniň doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň müňýyllyklara uzaýan gatnaşyklary bilen bagly bolan biziň ähli halklarymyzyň düýpli bähbitlerine we umytlaryna laýyk gelýändigi gürrüňsizdir» - diýip özbek Lideri hatynda belleýär.

«Awazada geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy — munuň özi sebitleýin gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyrylmagyna möhüm goşant bolan hakyky taryhy wakadyr. Ol sebitde ýola goýlan täze ýagdaýlaryň mizemez häsiýetini, döwlet Baştutanlarynyň pugta syýasy erkini hem-de özara ynanyşmagy we goldawy mundan beýläk-de güýçlendirmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydyklaryny görkezdi» - diýip Mirziýoýew hatynda nygtaýar.

«Siziň bilen geçirilen netijeli ikitaraplaýyn gepleşikler strategik hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de köptaraply gatnaşyklary ösdürmäge biziň taýýardygymyzy ýene-de bir gezek tassyklady. Bu gün biz özara hormat goýmak, goldaw bermek we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan özbek-türkmen gatnaşyklarynyň Merkezi Aziýada durnuklylygy we rowaçlygy üpjün edip, halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigini ynam bilen nygtap bilýäris» - diýlip hatda aýdylýar.

Başga makalalar
1680b74fcd3842.jpg
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.


163295d2421857.jpeg
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär

Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


1680b13b50ebf9.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy

24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.


163295ab701a45.jpeg
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar

Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.


1680b56f64a7b7.jpg
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.