Emomali Rahmon Gurbanguly Berdimuhamedowy ŞHG-niň ýubileý sammitine gatnaşmaga çagyrdy
18:22 13.08.2021 7313
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Duşanbe şäherinde 16-17-nji sentýabrda geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde neşir edilen hatda aýdylýar.
«Siziň bilşiňiz ýaly, şu ýyl Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy özüniň döredilmeginiň 20 ýyllygyny belleýär.
ŞHG geçen döwürde halkara giňişlikde abraýly we depginli ösýän, sebitiň täze görnüşli birleşmesi hökmünde ykrar edilip, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek işine uly goşant goşýar» - diýip Rahmon hatynda belleýär.
«Şu şanly ýylda Täjigistan Respublikasyna ŞHG-ä başlyklyk etmek hormaty nesip etdi we 16-17-nji sentýabrda Duşenbe şäherinde guramanyň şanly sammiti geçiriler.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Sizi ŞHG-ä agza döwletleriň Liderleri bilen bilelikde, başlygyň hormatly myhmany hökmünde bu möhüm syýasy çärä gatnaşmaga uly kanagatlanma bilen çagyrýaryn» - diýlip hatda bellenilýär.
Gazetde neşir edilen ýene-de bir hatda Emomali Rahmon Türkmenistana ýakynda amala aşyran döwlet saparyna ýokary baha berdi.
«Saparyň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalar ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň hem-de köptaraply hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny köp derejede berkidýär we bize olaryň ýakyn geljegine uly ruhubelentlik bilen garamaga mümkinçilik berýär.
Gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň iki halkyň esasy bähbitlerine laýyk gelýän täjik-türkmen gatnaşyklaryny netijeli we uzak möhletleýin ösdürmegiň möhüm ýagdaýy boljakdygyna ynanýaryn. Biz şunda ýakyn döwür üçin Siziň bilen bilelikdäki hereketlerimiziň özenini görýäris» - diýlip hatda aýdylýar.
«Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygyny guramakda hem-de onuň möhüm bölegini umumysebitleýin wajyp çäreler bilen baýlaşdyrmakda Siziň tagallalaryňyz örän ýokary baha mynasypdyr».
«Maňa “Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Hormat nyşanyny” gowşurmak baradaky başlangyjyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy bildirýärin. Men bu ýokary sylagy sebitiň ýurtlarynyň arasynda taryhy däplere esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça mundan beýläk-de yhlasly işlemek üçin uly itergi hökmünde kabul edýärin» diýip Rahmon belleýär.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy 2001-nji ýylyň iýun aýynda Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Liderleri tarapyndan esaslandyrylyp, onuň edara binasy Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde ýerleşýär. 2017-nji ýylda ŞHG-nyň agzalygyna Hindistan we Pakistan goşuldy. Belarus, Eýran, Mongoliýa we Owganystan synçy derejesine eýe, Ermenistan, Azerbaýjan, Kamboja, Nepal, Türkiýe, Şri-Lanka – dialog boýunça hyzmatdaş derejesine eýe.
Guramanyň esasy maksady agza döwletleriň arasynda parahatçylygy has-da berkitmekden, hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdan, söwda-ykdysady, medeni, energiýa, ulag-aragatnaşyk, ylym-tehnika pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmekden ybarat bolup durýar.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.