Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlaryna tebigy gazyň iberilişini düýpli artdyrmaga taýýar
10:05 10.08.2021 7337
Türkmenistan Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna özara bähbitli şertlerde ýa-da olaryň çäkleriniň üsti bilen daşarky bazarlara öz tebigy gazynyň iberilişiniň möçberini ep-esli artdyrmaga taýýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Bedimuhamedow «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutnalarynyň Konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda aýtdy.
Goňşy Özbegistana türkmen tebigy gazynyň iberilmegi, Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň gurlup ulanylmaga berilmegi gaz pudagynda netijeli hyzmatdaşlygyň mysallaryna öwrüldi.
Häzirki wagtda Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň täze ugrunyň taslamasyny düzmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça gepleşikleri işjeňleşdirmek meýilleşdirilýär. Şol ugur Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň çäkleriniň üstünden hem çekilip bilner.
Şeýle mysallary elektroenergetika ulgamynda hem getirip bolar. Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlaryndaky kuwwatlyklary Merkezi Aziýanyň döwletlerine elektroenergiýanyň iberilişini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Şeýle taslamalary durmuşa geçirmegiň biziň ýurtlarymyzyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge oňat itergi berip biljekdigine, sebitde köptaraply energetika giňişligini kemala getirmäge ýagdaýlary döredip biljekdigine ynam bildirip, Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurdaky hyzmatdaşlyga ulgamlaýyn we anyk häsiýetli çemeleşmegi teklip etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, energetika Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetiniň esasy düzüm bölegi bolup durýar. Biziň ählimiz düýpli maksadymyzda bu ulgamda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary hem-de geljegi babatda garaýyşlarda bir pikirdediris. Biziň ýurdumyzyň başlangyç bilen çykyş etmeginde, ykdysady ösüşiň möhüm ýagdaýy hökmünde energiýa serişdeleriniň iberilişiniň ygtybarlylygy we durnuklylygy barada Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalaryny sebitiň döwletleriniň birnäçe gezek we biragyzdan goldamagy munuň subutnamasy boldy.
Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň işjeň we doly görnüşde gatnaşmagy arkaly amala aşyrylmagynyň zerurdygy hem-de bu hyzmatdaşlygyň sebitiň içinde bolşy ýaly, onuň daşarky çäkleri boýunça hem kuwwatly energetika düzümini döretmäge gönükdirilmelidigi aýdyňdyr.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.