Ärdogan Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Baştutanlarynyň sammitini yza süýşürmegi teklip etdi

18:21 08.08.2021 18707

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/2687/original-1610ccefdf1ce6.jpeg

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen telefon arkaly gepleşiginde şu ýylyň awgust aýynda meýilleşdirilen Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Baştutanlarynyň sammitini yza süýşürmegi teklip etdi.

Türk Lideri bu çözgüdi Türkiýäniň käbir sebitlerinde köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere we weýrançylyklara getiren giň möçberli tokaý ýangynlary bilen baglylykda, ýurtda emele gelen çylşyrymly ýagdaý bilen düşündirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow türk Lideriniň teklibini düşünmek bilen kabul edip, pajygaly ýagdaý zerarly çuňňur gynanjyny we doganlyk halk üçin şu agyr pursatda halkymyzyň, ýurdumyzyň Hökümetiniň adyndan we hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna gynanjyny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda döwlet Baştutanlary dost-doganlyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljekde hem iki ýurduň bähbitlerine pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdiler we türk hem-de türkmen halklaryna parahatçylyk, abadançylyk, ösüş arzuw etdiler.

Awgust aýynda meýilleşdirilen üç ýurduň Liderleriniň duşuşygy iýul aýynda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň we Türkiýäniň daşary işler ministri M.Çawuşogly bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde maslahatlaşyldy. Şol gepleşikleriň barşynda ministrler Türkiýäniň Prezidentiniň Türkmenistana saparyna görülýän taýýarlyga üns çekdiler.

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Baştutanlarynyň sammitiniň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge gönükdirilen birnäçe ylalaşyklara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Başga makalalar
1680b74fcd3842.jpg
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.


163295d2421857.jpeg
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär

Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


1680b13b50ebf9.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy

24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.


163295ab701a45.jpeg
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar

Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.


1680b56f64a7b7.jpg
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.