Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegi ylalaşdylar

07:39 06.08.2021 8950

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/2678/original-1610bca7e67b38.jpeg

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Emomali Rahmonyň arasynda çarşenbe güni geçirilen gepleşikleriň netijesinde taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2022-2023-nji ýyllarda haryt dolanyşygyny köpeltmek barada «Ýol kartasyna» gol çekdiler.

Söwda ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge şeýle hem gol çekilen beýleki resminamalar gönükdirilendir. Olaryň hatarynda — Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Ykdysady ösüş we söwda ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň Maksatnamasy; Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Söwda ministrliginiň arasynda Türkmenistanda we Täjigistan Respublikasynda söwda öýlerini döretmek hakynda Ylalaşyk bar.

Giňeldilen düzümde geçirilen gepleşiklerde eden çykyşynda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Täjigistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň giňeldilmegine hem-de hil taýdan ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini nygtady. Täjigistana möhüm hem-de geljegi uly hyzmatdaş hökmünde garalýar. Şonuň bilen birlikde, türkmen Lideri şu ýyl ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň belli bir derejede ösendigine garamazdan, umuman, biziň ýurtlarymyzyň söwda-ykdysady mümkinçiliginiň islenilýän derejä laýyk gelmeýändigini nygtady.

Soňky wagtlarda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň depginleriniň peselmegine uly sebäpleriň, anyk häsiýetli kynçylyklaryň, häzirki döwürde dünýädäki maliýe-ykdysady meseleleriň, şeýle hem koronawirus pandemiýasynyň sebitdäki ykdysady ýagdaýlara, şol sanda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady we üstaşyr ulag gatnaşyklaryna ýaramaz täsiriniň bolandygy aýdyňdyr diýip, türkmen Lideri sözüni dowam etdi.

Şu babatda döwlet Baştutany işleriň emele gelen ýagdaýlaryna bilelikde düýpli we anyk seljerme geçirmegiň, doly derejeli hereket etmäge zyýan berýän päsgelçilikleri ýüze çykarmagyň hem-de aradan aýyrmagyň, mümkinçilikleriň doly derejede peýdalanylyp bilinjek anyk ugurlaryny kesgitlemegiň zerurdygyny nygtady.

Şunda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň işine uly orun berilýär. Onuň işi iki ýurduň arasyndaky daşary ykdysady gatnaşyklaryň depginini artdyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.

Şeýle hem işewür jemgyýetçiligiň ugry boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň derejesini ep-esli ýokarlandyrmagyň, telekeçileriň arasynda yzygiderli gatnaşyklary guramagyň, haryt öndürijileriň bilelikdäki sergilerini, ykdysady forumlary hem-de ykdysady häsiýetli beýleki bilelikdäki çäreleri geçirmegiň zerurdygy beýan edildi.

Döwlet Baştutany mundan beýläk-de bilelikde işlemegiň geljegi uly ugurlaryny kesgitläp, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň, gurluşyk we himiýa senagatynyň, azyk, dokma, derman senagaty hem-de oba hojalyk ulgamynyň önümleriniň, beýleki harytlaryň söwdasy babatda Täjigistan bilen hyzmatdaşlygy ep-esli derejede giňeltmäge taýýardygyny aýtdy.

Prezident Emomali Rahmon türkmen Lideriniň täjik-türkmen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň wajypdygy barada aýdan sözlerini goldap, öz tarapyndan hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça döwletara gatnaşyklaryň giňeldilmegine tüýs ýürekden gyzyklanma bildirýändigini aýtdy hem-de hut şeýle çemeleşmäniň iki doganlyk halkyň anyk maksatlaryny beýan edýändigini we olaryň düýpli bähbitlerine kybap gelýändigini nygtady.

Başga makalalar
1680b74fcd3842.jpg
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.


163295d2421857.jpeg
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär

Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


1680b13b50ebf9.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy

24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.


163295ab701a45.jpeg
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar

Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.


1680b56f64a7b7.jpg
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.