Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň 2021-nji ýylyň ýedi aýynda işiniň netijeleri jemlenildi

15:43 03.08.2021 7381

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/2663/original-16107c40c7a7cf.jpeg

Geçen anna güni Balkan welaýatynda iş saparynda bolan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri kesgitlenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň garaşylýan netijeleri barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, nebiti we gaz kondensatyny çykarmak, şeýle hem nebiti gaýtadan işlemek, benzin, dizel ýangyjyny, polipropilen, suwuklandyrylan gazy öndürmek ulgamynda gazanyljak tehniki-ykdysady görkezijiler barada habar berildi. Garaşylyşy ýaly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynda 123,5 göterim ösüş, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ibermekde 137 göterim ösüş üpjün ediler, maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 105,5 göterim ýerine ýetiriler.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek, ony döwrüň talaplaryna laýyk getirmek wezipelerine ünsi çekdi. Pudagyň önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatynyň pugtalandyrylmagy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dünýä möçberindäki bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir, onuň Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine saldamly goşant goşmagyny üpjün etmelidir.

Döwlet Baştutany wise-premýere işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Başga makalalar
1680b74fcd3842.jpg
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.


163295d2421857.jpeg
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär

Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


1680b13b50ebf9.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy

24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.


163295ab701a45.jpeg
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar

Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.


1680b56f64a7b7.jpg
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.