Russiýa TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär – RF-niň DIM-niň ýolbaşçysy
18:26 20.07.2021 9362
Russiýa Türkmenistan – Owganystan – Pkistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär. Bu barada RF-niň daşary işler ministri Sergeý Lawrow geçen anna güni Daşkentde geçirilen «Merkezi we Günorta Aziýa: sebitleýin özarabaglanyşyk. Howplar we mümkinçilikler» atly ýokary derejeli halkara maslahatda belledi.
«Merkezi hem-de Günorta Aziýanyň energetika infrastrukturalarynyň utgaşmagynyň geljegi örän uly. Russiýanyň ykdysady operatorlary Merkezi Aziýa döwletleriniň energetika toplumynyň berkidilmegine düýpli goşant goşýarlar. Gürrüň onlarça taslamalar barada barýar. Täze gaz geçirijileriniň, şol sanda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna hem gyzyklanma bildirýäris» - diýip S.Lawrowyň Daşkentdäki halkara maslahatyň plenar mejlisinde eden çykyşynda aýdylýar.
TOPH gaz geçirijisiniň ýyllyk kuwwaty 33 mlrd kub metr tebigy gaza barabardyr. Onuň umumy uzynlygy 1814 km bolar. Garaşylyşy ýaly, Hindistan we Pakistan 14 mlrd kub metrden, galan 5 mlrd kub metri bolsa Owganystan satyn alar.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.