Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy we ABŞ-nyň prezidentiniň geňeşçisi Owganystandaky ýagdaýy maslahatlaşdylar

12:17 19.07.2021 9281

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/2591/original-160f1617e2e765.jpeg

Sebit howpsuzlyk meseleleri we Owganystandaky ýagdaý penşenbe güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ABŞ-nyň Prezidentiniň Içerki howpsuzlygyň meseleleri boýunça Geňeşçisi Elizabet Şerwud-Rendal hem-de ABŞ-nyň Owganystanda parahatçylygy dikeltmek meseleleri boýunça Ýörite wekili Zalmaý Halilzad bilen geçiren duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny, hususan-da, howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, sebitdäki we onuň daşyndaky häzirki zamanyň howplaryna hem-de wehimlerine garşy göreşmäge gönükdirilen özara hereketleriň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn mehanizmleriniň ähmiýeti nygtaldy.

Türkmenistanyň ýakyn goňşy döwleti bolan Owganystandaky ýagdaýlar boýunça pikirler alşyldy. Syýasy-diplomatik tagallalar arkaly Owganystanda parahatçylygy ilerletmek babatda türkmen tarapynyň garaýyşlary beýan edildi. Owgan tarapy bilen bilelikdäki taslamalaryň, hususan-da, durmuş-ykdysady we ynsanperwer häsiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada gürrüň edildi. 

Şunuň bilen baglylykda, taraplar anyk netijeleri gazanmak ugrunda “Türkmenistan-ABŞ-Owganystan” formatdaky hereketleri işjeňleşdirmek barada pikir alyşdylar.

Başga makalalar
1680b74fcd3842.jpg
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.


163295d2421857.jpeg
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär

Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


1680b13b50ebf9.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy

24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.


163295ab701a45.jpeg
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar

Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.


1680b56f64a7b7.jpg
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.