Daşkentde «C5+1» formatyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen ABŞ-nyň arasynda hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy
12:16 19.07.2021 7704
15-nji iýulda Daşkentde «C5+1» formatyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň döwletleriniň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ABŞ-nyň Prezidentiň Içerki howpsuzlyk meseleleri boýunça Geňeşçisi Elizabet Şerwud-Rendalyň ýolbaşçylygyndaky ABŞ-nyň wekiliýetiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Gepleşiklere şeýle-de ABŞ-nyň Owganystanda parahatçylygy dikeltmek meseleleri boýunça Ýörite wekili Zalmaý Halilzad hem gatnaşdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen ABŞ-nyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we ekologiýa meseleleri, sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmek özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde bellenildi.
Daşkentde geçirilýän ýokary derejeli Halkara maslahatyň tematikasy bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy esasynda Günorta we Merkezi Aziýanyň arasynda özara baglanyşygy berkitmek boýunça işjeň pikirler alşyldy.
Taraplar sebit howpsuzlygynyň howplaryna we wehimlerine garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen diplomatik gepleşikleri dowam etdirmek babatda gyzyklanmalary beýan etdiler. Owgan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylykly çözülmegine ýardam etjek durnukly we abadançylykly tagallalary döretmäge ygrarlydyklaryny beýan etdiler.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça duşuşyga gatnaşyjylar Bilelikdäki Beýannamany kabul etdiler.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.