Türkmenistanyň Prezidenti we HHR-iň DIM-niň ýolbaşçysy nebitgaz hem-de beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar
15:53 14.07.2021 8751
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana iki günlük resmi sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan Ini kabul etdi.
Döwlet Baştutany we Hytaýyň daşary işler ministri taraplaryň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde mundan beýläk-de ysnyşykly gatnaşyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, iki döwletiň halkara gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakynlygynyň özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýändigini bellediler.
Ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde gaýtadan dikeltmek boýunça başyny başlan strategiýasynyň hem-de hytaýly hyzmatdaşlaryň “Bir guşak — bir ýol” taslamasynyň uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Şol başlangyçlar umumy taryhy ýörelgelere esaslanmak bilen döwletleriň hem-de halklaryň abadançylygyna we rowaçlygyna hyzmat edýär.
Söhbetdeşler gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklarynda okgunly ösüşe eýe bolandygyny aýtdylar. Bilelikdäki möhüm taslamalar, şol sanda Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy munuň miwesidir.
Däp bolan ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa toplumlary hem-de saglygy goraýyş, maglumat, aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar, kosmonawtika ulgamlary we beýlekiler wajyp ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Tutuş dünýäni gurşap alan howply koronawirus ýokanjyna garşy bilelikde göreşmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şol gün Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň türkmen tarapyndan başlygy Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy boldy. Söhbetdeşler soňky ýyllarda taraplaryň özara tagallalary netijesinde strategik hyzmatdaşlygyň derejesi berlen türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň beýleki möhüm ulgamlarynda, hususan-da, dokma, himiýa, azyk senagaty, oba hojalyk toplumy we beýleki ugurlarda bilelikdäki işleri dowam etmäge gyzyklanma bildirildi.
HHR-niň DIM-niň internet saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşygyň çäklerinde taraplar tebigy gaz we çig mala bagly bolmadyk pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň barşynda taraplar COVID-19 ýokajyna garşy hytaý sanjymlaryny Türkmenistana getirmek hem-de bilelikdäki medeni merkezleri döretmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, hyzmatdaşlygyň geljekki bäş ýyllyk meýilnamasyny işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtadylar.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.