Türkmenistanyň we ABŞ-nyň wekilleri söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklarynyň geljegini maslahatlaşdylar
10:21 25.06.2021 7157
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň Merkezi Aziýa, jemgyýetçilik diplomatiýasy we metbugat işleri boýunça kömekçisi Jonatan Hennigiň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň ýarymýyllyk syn beriji duşuşygynda söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklarynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Duşuşygyň barşynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taraplaryň özara ygrarlydygy tassyklanyldy.
Taraplar sebit howpsuzlygy we Owganystandaky ýagdaýlar bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. “Merkezi Aziýa + ABŞ” we “Türkmenistan - ABŞ - Owganystan” ýaly köptaraplaýyn görnüşli özara hereketleriň netijeliligi nygtaldy. Serhetara jenaýat bilen bir hatarda, döräp biljek howplara we wehimlere garşy göreşmegiň usullaryny güýçlendirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Diplomatlar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklary ilerletmäge aýratyn üns berdiler. Şu nukdaýnazardan, Türkmen-Amerikan Işewürlik geňeşiniň işiniň ähmiýeti bellenildi. Türkmen tarapynyň Türkmenistanda ylmy we innowasion önümçiligi ösdürmek boýunça amerikan maýa goýumlaryny we tehnologiýalaryny çekmäge gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy. Senagat, energiýa, ulag, şeýle-de oba we suw hojalygy ýaly ulgamlar özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda.
Taraplar iki döwletiň hem üns merkezinde bolan daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek babatdaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.