Türkmenistanda ilkinji Gün-ýel elektrik bekediniň gurluşygyna halkara bäsleşigi yglan edildi

11:48 23.06.2021 9817

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/2429/original-160d03dab40e2e.jpeg

Türkmenistanyň Energetika ministrligi Balkan welaýatynda ýurdumyzda 10 megawat kuwwaty bolan utgaşdyrylan ilkinji Gün we ýel elektrik bekedini «açaryny gowşurmak» şerti bilen gurmak boýunça halkara bäsleşigini yglan etdi. Teklipler 2021-nji ýylyň 6-njy awgustyna çenli kabul edilýär.

Bu neket ýurdumyzda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerinde işleýän ilkinji elektrik bekedi bolar. Geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow bu bekediň ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň başlangyjyna öwrüljekdigini, bu ýerde dünýäde iň soňky gazanylan öňdebaryjy tehnologiýalaryň we nou-haularyň ornaşdyryljakdygyny aýtdy.

Prezident bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek baradaky Milli strategiýasyny amala aşyrmakda anyk ädim boljakdygyny belläp, ähli energetikleri bu şanly waka bilen gutlady hem-de bekediň gurluşygyny amala aşyrmak boýunça halkara bäsleşigi geçirmek barada ministre degişli tabşyryklary berdi.

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan köpugurly elektrik stansiýasynyň taslamasyny maliýeleşdirmek hakyndaky 25 mln dollarlyk Karz ylalaşygy Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda baglaşyldy.

Geçen anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda ýyllyk 4 göterimli, 3 ýyl ýeňillikli döwür bilen 15 ýyl möhletine baglaşylan Karz ylalaşygynyň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly işleri amala aşyrmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.

Energetika ministrligine Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen ýyllyk 4,5 göterimli, 3 ýyl ýeňillikli döwri bilen 15 ýyl möhlete içerki Karz ylalaşygyny baglaşmak tabşyryldy.

2019-njy ýylyň maýynda Gurbanguly Berdimuahemdow «Altyn asyr» Türkmen kölüniň boýunda Garagum sährasynda döwrebap obanyň gurluşygyna badalga berdi. Bu ýerde elektrik energiýasyny işläp çykarmak üçin Gün we ýel desgalary ulanylar.

Başga makalalar
1680b74fcd3842.jpg
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.


163295d2421857.jpeg
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär

Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


1680b13b50ebf9.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy

24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.


163295ab701a45.jpeg
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar

Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.


1680b56f64a7b7.jpg
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.