Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Piter Burian Türkmenistana resmi sapar bilen geldi
22:00 17.06.2021 4092
Iş sapary bilen Aşgabada gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Piter Burian 16-njy iýunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň Başlygy Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy oňyn häsiýetlendirdiler. «ÝB – Türkmenistan» bilelikdäki Komitetiň çäklerinde yzygider gepleşikler arkaly berkidilýän işjeň syýasy-diplomatik gatnaşyklar bellenildi. «Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa» formatda yzygiderli geçirilýän ýokary derejeli syýasy geňeşmeleriň ähmiýeti nygtaldy. Merkezi Aziýa üçin ÝB-niň Strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen bagly pikir alşyldy. Şu nukdaýnazardan, bu ugry iş ýüzündäki oňyn netijeleri gazanmaga gönükdirilen anyk meýilnamalar we maksatnamalar bilen baýlaşdyrmak boýunça türkmen tarapynyň teklibi beýan edildi.
Taraplar Türkmenistanda ÝB bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýan söwda-ykdysady we ynsanperwer häsiýetli taslamalaryň ähmiýetini bellediler. Ýaşyl we durnukly ykdysadyýet ulgamy, oba sebitlerini ösdürmek, hususy pudagy goldamak we Bütindünýä söwda guramasyna goşulmak boýunça ýurduň tagallalaryna ýardam bermek babatdaky taslamalara aýratyn gyzyklanmalar nygtaldy.
Türkmen energiýa serişdelerini Ýewropa bazarlaryna çykarmakda işleri ilerletmäge iki tarapyň ygrarlydygy bellenildi. Şeýle-de taraplar alternatiw energiýany ornaşdyrmak babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Piter Burian hem-de Serdar Berdimuhamedow howpsuzlyk, energiýa, ulag, daşky gurşawy goramak we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy berkitmek bilen bagly pikir alyşdylar. Milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň işjeň prosesleri bilen baglylykda, türkmen tarapy bu ugurda ýewropa hünärmenleriniň nou-hauna gyzyklanmasyny beýan etdi.
Duşuşygyň barşynda sebit we halkara derejelerde howpsuzlygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplar häzirki zamanyň howplaryna we wehimlerine garşy göreşmek boýunça bilelikdäki taslamalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesini kanagatlanma bilen bellediler.
Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Piter Burianyň Aşgabada saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň degişli edaralarynyň birnäçesiniň wekilleri bilen duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.