Türkmenistanyň wekiliýeti BAE-de hyzmatdaşlygyň ileru tutulýan ugurlaryny maslahatlaşar
09:05 14.06.2021 7001
Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça gepleşikleri geçirmek üçin Birleşen Arap Emirliklerine sapar amala aşyrdy.
Abu-Dabi we Dubaý şäherlerinde geçirilýän üç günlük gepleşikleriň barşynda taraplar gyzyklanma bildirilýän ugurlarda Türkmenistan bilen BAE-niň hyzmatdaşlyk meselelerini, şeýle hem maýa goýum taslamalaryny maslahatlaşarlar.
Ýatlap geçsek, 2020-nji ýylyň oktýabrynda Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmenistanyň we BAE-niň bilelikdäki komitetiniň üçünji mejlisinde Dubaý şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän we şol sanda türkmen tarapynyň hem işjeň gatnaşmagy göz öňünde tutulýan «EKSPO-2020» halkara sergisine taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy.
Şol duşuşykda Türkmenistanyň energetika we infrastruktura taslamalaryny, hususan-da, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyga açykdygy bellenildi.
Taraplar şeýle hem Ýaşyl ykdysadyýetiň ähmiýetini nygtap geçdiler hem-de durnukly energiýany peýdalanmak, innowasion tehnologiýalary ilerletmek we dikeldilýän energetika ulgamynda bilermenleriň başarnyklaryny ösdürmek boýunça pikir alyşdylar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA) çäklerinde özar agatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanmasyny beýan etdi.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.