Prezident: Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşinde gazanylan depgin durnukly saklanýar

09:28 09.06.2021 8308

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/2345/original-160bf0a58e37d4.jpeg

2021-nji ýylyň geçen bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, döwletimiziň depginli ösmegini dowam edýändigini görkezýär. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belledi.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşinde gazanylan depgin durnukly saklanýar. Kabul edilen ähli durmuş maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hökümetimiziň we halkymyzyň guramaçylykly işi netijesinde ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi geçen bäş aýda 6,1 göterim möçberde boldy — diýip Prezident belledi.

Senagat desgalary, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler, dükanlar we beýleki desgalar bellenen möçberde gurlup ulanmaga berildi. Kabul edilen meýilnamalara laýyklykda, energiýa serişdelerimizi dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek syýasaty hem üstünlikli dowam edýär.

Biziň esasy wezipämiz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr diýip, türkmen Lideri belledi we mejlise gatnaşyjylara galla oragynyň alnyp barlyşyny, durmuş maksatnamalarynyň amala aşyrylyşyny ýerinde baryp görmek maksady bilen, şu aýda ähli welaýatlarda saparda bolmagy tabşyrdy. Bäş aýyň netijeleri boýunça jemi içerki önüm 6,1 göterim artdy. 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 5,3 göterim ýokarlandy. Geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, bölek satuw haryt dolanyşygy 17,5 göterim artdy. Ýanwar — maý aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 120,4 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 92,2 göterim ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,5 göterim ýokarlandy. Býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Başga makalalar
1680b74fcd3842.jpg
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.


163295d2421857.jpeg
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär

Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


1680b13b50ebf9.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy

24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.


163295ab701a45.jpeg
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar

Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.


1680b56f64a7b7.jpg
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.