Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazdan benzin öndürýän zawodda iş maslahatyny geçirdi

17:44 24.05.2021 8820

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/2238/original-160a7568270425.jpeg

Penşenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda gurlan täze iň döwrebap senagat toplumynyň – tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işi bilen tanyşdy hem-de nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen onuň ikinji nobatdakysyny gurmak boýunça pikir alyşdy.

Haldor Topsoe kompaniýasy tarapyndan tebigy gazdan sintetik benzin öndürmek boýunça işlenip düzülen TIGAS tehnologiýasy dünýäde ilkinji gezek Türkmenistanda gurlan zawodda senagat möçberinde peýdalanyldy. Zawod «Kawasaki Heavy Industries» kompaniýasynyň we «Rönesans» türk holdinginiň konsorsiumynyň «Türkmengaz» döwlet konserni bilen 1,7 mlrd dollarlyk şertnamasy esasynda guruldy.

2019-njy ýylyň iýunynda ulanyşa girizilen zawodyň öndürijilik kuwwaty ýylda 1,785 mlrd kub metr gazy gaýtadan işlemäge we EURO-5 standartyna laýyk gelýän ECO-93 benzininiň 600 müň tonnasyny, 12 müň tonna dizel ýangyjyny, şeýle hem 115 müň tonna suwuklandyrylan gazy öndürmäge niýetlenendir. Taslama Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk bankynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär. 

Ýurdumyz dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça öňdäki orunlary eýeleýär. Şoňa görä-de, “mawy ýangyjy” gaýtadan işläp, dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan gazhimiýa önümlerini öndürmäge uly ähmiýet berýäris. Bu ugurda taslamalary yzygiderli amala aşyrýarys diýip, Prezident Gurbanguy Berdimuhamedow maslahatda nygtady.

Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, şeýle taslamalar amala aşyrylanda, ilkinji nobatda, ekologiýa taýdan arassa, dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän önümleri öndürmegiň göz öňünde tutulýandygyny, daşky gurşawy aýawly saklamak boýunça öňde goýlan wezipeleri hem gyşarnyksyz berjaý etmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi. Türkmen Lideri bu zawody bökdençsiz işletmegiň hem-de dolandyrmagyň ýokary tehnologik bilimli hünärmenleri talap edýändigini belledi.

Döwlet Baştutany bular barada aýtmak bilen, ýurdumyzda gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek, gazhimiýa toplumlary gurmak, halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça işleriň mundan beýläk-de netijeli dowam etdiriljekdigini, bu babatda döwlet maksatnamalarynyň kabul edilendigini nygtady. Biz bu işleri halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň we abadançylygynyň bähbidine amala aşyrýarys. Bütin dünýäde parahatçylygy, dumukly ösüşi üpjün etmek maksatlaryna gönükdirýäris diýip, türkmen Lideri aýtdy.

Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň direktory D.Sapbaýew kärhanadaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, ähli önümçilik bellenen talaplara laýyklykda alnyp barylýar. Kärhanada bir gije-gündizde 1800 tonna benzin öndürilýär. Ýokary hil we ekologiýa talaplaryna kybap gelýän bu önüm baglaşylan şertnamalar esasynda Owganystana hem-de Ýewropa döwletlerine iberilýär. Mundan başga-da, bu ýerde zawodyň ikinji nobatdakysyny gurmagyň üstünde işleriň alnyp barylýandygy barada maglumatlar berildi. Şunuň esasynda ýerine ýetirilýän taslama işlerinde täze innowasiýalary, sanly ulgamy has netijeli ornaşdyryp, önümçilik işleriniň kämilleşdirilmeginiň maksada laýyk boljakdygy aýdyldy.

Dünýäde bu önümlere islegiň barha artýandygyny nazarda tutup, ekologiýa taýdan iň arassa benziniň daşary ýurtlarda ýerlenýän bazarlarynyň gerimini giňeltmegiň üstünde işlemäge möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutany aýtdy hem-de bu babatda degişli görkezmeleri berdi.

Döwlet ministri—“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanow tebigy gazy çykarmak, gaýtadan işlemek hem-de onuň dünýä bazarlaryna iberilýän mukdaryny artdyrmak baradaky meseleler boýunça hasabat berdi. “Mawy ýangyjyň” çykarylyşynyň mukdaryny artdyrmak, guýularyň önüm berşini ýokarlandyrmak hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary we sanly ulgamy ulanmak arkaly täze guýulary özleşdirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Şeýle hem daşary ýurtly ygtybarly hyzmatdaşlar bilen “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça bilelikdäki işleriň alnyp barylýandygy barada habar berildi.

Maslahatyň barşynda bellenilişi ýaly, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemegiň netijesinde, ýurdumyzda önümçiligi ýola goýlan ammiak, karbamid, polietilen we polipropilen, benzin ýaly himiýa önümçiliklerinden başga-da, metanol, poliwinilhlorid, poliwinilasetat, formaldegid we wodorod önümlerini öndürmäge hem uly mümkinçilikler bar. Mundan başga-da, dünýäniň ösen döwletlerinde geljegiň ýangyjy hökmünde strategiýasy işlenip taýýarlanan we giňden öwrenilýän wodorod önümçiligini hem ýola goýmak mümkinçilikleriniň üns merkezinde saklanmagynyň maksadalaýykdygy bellenildi.

Soňra Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitiniň rektory B.Atamanow nebitgaz pudagynyň döwrebap kärhanalarynda işlemek üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga ylma esaslanan toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny habar berdi.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň direktory B.Pirnyýazow, öz nobatynda, Konserniň işinde döwrebap tehnologik enjamlaryň ulanylýandygyny habar berdi. Institut tarapyndan gazhimiýa zawodlarynyň gurluşygyna tehniki-ykdysady seljerme geçirilip, onuň netijeleri “Türkmengaz” döwlet konsernine tabşyryldy.

Şeýle hem institutyň hünärmenleriniň Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodda ýyllyk kuwwatlylygy 6 müň tonna izobutan öndürmäge niýetlenen desganyň hem-de kenarýaka sebitde täze döwrebap gazhimiýa toplumyny gurmak barada deslapky tehniki ykdysady ylmy seljermäniň üstünde degişli işleri alyp barýandyklary barada habar berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň çig mal binýadyny artdyrmak bilen baglanyşykly iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň biriniň dünýäde iň iri “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmekden ybaratdygyny belledi. Onuň gorlary “Ýaşlar” we “Garaköl” ýataklary bilen bilelikde, 27,4 trillion kub metr hasaplanylýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de ýerine ýetirilmeli işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 2019-njy ýylyň iýun aýynda döwlet Baştutanynyň ak pata bermeginde açylyp, ulanylmaga berlen bu zawod ylmyň we tehnologiýanyň täze başlangyçlary bolup durýar.

Döwlet Baştutany kärhanada alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagy, benziniň halkara ülňülerine laýyk gelmegini mundan beýläk-de üpjün etmegi tabşyrdy. Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem pudagyň döwrebap kärhanalarynda işlemek üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselelerine hemişe üns bermegiň möhümdigini nygtady.

Prezident önümçilik işleriniň yzygiderli döwrebaplaşdyrylyp, olaryň kämil tehnologiýalara daýanýan, şonuň ýaly-da, ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleriň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyny aýratyn belledi.

Başga makalalar
167ef73cc8e564.jpg
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini nygtadylar

3-nji aprelde “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.


1631823da01e93.jpeg
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy

Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.


167ee33c1abeb1.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we Saud Arabystanynyň döwlet ministri ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly mümkinçiliklerini bellediler

2-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saudy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.


163186277513ce.jpeg
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar

Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.


167ef7d8e98a24.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygynda sebit hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy

3-nji aprelde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.