Türkmenistanyň we Tatarystanyň Liderleri nebitgaz we ykdysadyýetiň beýleki ugurlarynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegi ylalaşdylar
17:12 20.05.2021 7787
Duşenbe güni Aşgabatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Ikitaraplaýyn hem-de giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar dürli ugurlar, şol sanda nebitgaz ulgamynda Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, dünýäniň iri uglewodorod serişdelerini öndürijileriniň biri bolan Türkmenistan energetika ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna uly gyzyklanma bildirýär. Nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, önümleriň hilini gowulandyrmak, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ugradylýan mukdaryny köpeltmek we ony köpugurly esasda ösdürmek ýurdumyzyň energetika syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri “Tatneft” hem-de “KER-Holding” kompaniýalary bilen “Türkmennebit” we “Türkmengaz” döwlet konsernleriniň arasynda nebiti çykarmak, gaýtadan işlemek, energetika desgalaryny gurmak hem-de döwrebaplaşdyrmak ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini belledi. Türkmenistan bar bolan mümkinçilikleri doly herekete girizmek üçin bu ugurdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýär.
Gepleşikleriň barşynda «Tatneft» boýunça hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigi bellenildi. Hususan-da, kompaniýa «Türkmennebit» DK-nyň ulanyşyndaky ýataklarda plastlaryň nebit berijiligini artdyrmak boýunça şertnama eýedir. 2019-2020-nji ýyllarda 120 guýuda abatlaýyş işleri geçirildi, 106 müň tonnadan gowrak goşmaça nebit çykaryldy. 2021-nji ýylyň ýanwarynda «Tatneftiň» Türkmenistandaky şahamçasynda sorujy-kompressor turbalarynyň abatlanylyşy boýunça önümçilik işe girizildi diýip, Tatarystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.
“KER-Holding” kompaniýasy 2009-njy ýylda Türkmenistanda öz şahamçasyny açdy. Kompaniýa “Türkmennebit” we “Türkmengaz” döwlet konsernleri bilen hyzmatdaşlyk edýär. Häzirki wagtda kompaniýada energetika we nebitçykaryş bazarynda iki sany hereket edýän şertnama bar.
Döwlet Baştutany tatarystanly hyzmatdaşlary Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda, ulag ulgamynda we beýleki pudaklarynda amala aşyrylýan iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge çagyrdy. Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek barada aýdylanda bolsa, bu babatda ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar iş toparyna möhüm orun degişlidir.
2020-nji ýylda Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 107 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Tatarystan esasan gury ýer ulaglary, rezin we tehniki enjamlary eksport etdi. Türkmenistan Tatarystan Respublikasyna esasan plastmassa we plastmassa önümlerini hem-de gök önümlerini eksport etdi.
Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde «KAMAZ» kysymly awtomobil tehnikalaryny iri satyn alyjylaryň biri. Bu günki gün ýurdumyzda «KAMAZ-yň» tehnikalarynyň 9 müňden gowrak birligi bar. Türkmenistanda kompaniýanyň ýük ulaglarynyň ähli görnüşleri bar. Häzirki wagtda 1982 sany tehnikany Türkmenistana 2019-2021-nji ýyllarda getirmek boýunça şertnama bar. Şu ýylyň awgustyna çenli 189 birlikden ybarat soňky tapgyry getirmek meýilleşdirilýär.
Tatarystanyň Prezidenti hem öz gezeginde “KAMAZ” kompaniýasynyň dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň, şol sanda elektrik awtobuslar boýunça ýol kartasyny taýýarlandygyny beýan etdi.
Minnihanow Tatarystanyň Türkmenistan bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlygyny dowam etdirmäge taýýardygyny mälim etdi.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini nygtadylar
3-nji aprelde “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we Saud Arabystanynyň döwlet ministri ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly mümkinçiliklerini bellediler
2-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saudy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygynda sebit hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy
3-nji aprelde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.