AŞGABADYŇ GIJESI

17:08 17.05.2021 9440

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/2206/original-160a25cc09041d.gif

(Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)

Ýyldyza baý asmany,
Aşgabadyň gijesi.
Güle çümen çar ýany,
Aşgabadyň gijesi.

Seniň goýnuň bahar-ýaz,
Hoş ýaňlanýar aýdym-saz,
Bilbil saýrar hoş owaz,
Aşgabadyň gijesi.

Iller seýil-seýranda,
Teşne gözler haýranda,
Nur görünýär her ýanda,
Aşgabadyň gijesi.

Dünýä haýran görküňe,
Sende ýürek örküm-eý.
Bagt paýlaýar herkime,
Aşgabadyň gijesi.

Ata Watan ýüregisiň, Aşgabat!

Parahatlyk, dost-doganlyk merkezi,
Ata Watan ýüregisiň, Aşgabat!
Bagtly edip goýnuňdaky her kesi,
Ata Watan ýüregisiň, Aşgabat!

Arkadag döretdi ajaýyp mekan,
Güllemişdir döwür, eşretli zaman,
Aýyň nury deýin şöhlesin saçýan
Ata Watan ýüregisiň, Aşgabat!

Taryhyň, şugünüň, geljegiň baýdyr,
Gözel keşbiň soňlanmajak serpaýdyr,
Seniň günüň 25-nji maýdyr,
Ata Watan ýüregisiň, Aşgabat!

Bagladym men saňa ýürek örkümi,
Şol sebäpden açyp has-da görküňi,
Sözüm ýetmez taryplasam durkuňy,
Ata Watan ýüregisiň, Aşgabat!

Atajan  MUHAMMETGULYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Surata düşüren Arslan MÜLLIKOW.

Başga makalalar
16980d5a3dc5bb.jpg
Arkalaşykly işiň miwesi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Marygazçykaryş» müdirliginiň gazçylary gaz känlerinden uglewodorod çig malyny çykarmak, tebigy gazy gaýtadan işläp, içerki hem-de daşarky sarp edijilere ýetirmek boýunça «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen atlandyrylan 2026-njy ýylyň her bir iş gününi zähmet üstünliklerine besleýärler.


16977967a9cf85.jpg
Nebitçilere talabalaýyk hyzmat edilýär

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň düzümine girýän Balkanabat tilsimat ulaglary müdirligi nebitçileriň ýakyn ýardamçysy hasaplanýar. Bu kärhananyň esasy wezipesi nebitçileri gündelik önümçilik meýdançalaryna gatnatmak, baýlyklar känlerini özleşdirmekde zerur bolan enjamlarydyr turbalary bellenilen ýerlere eltmek ýaly gaýragoýulmasyz işler bolup durýar.


16683ab4918c9b.jpg
Suw desgasynyň hyzmaty

«Türkmengaz» döwlet konserniniň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Marygazçykaryş» müdirligi boýunça gaz känlerinden tebigy gazy çykarmak, önümi harytlyk derejesine ýetirip, sarp edijilere ugratmak boýunça öňde goýulýan meýilnamalaýyn tabşyryklar gazçylar tarapyndan üstünlikli berjaý edilýär. Gazanylýan üstünliklerde müdirligiň hyzmat ediş kärhanalarynyň işgärleriniň hem mynasyp paýy bar. Kärhananyň durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň suw, bug üpjünçilik sehiniň suw arassalaýjy desgalarynyň işgärleriniň gazçylara hyzmat etmekdäki alyp barýan işleri-de bellärliklidir.


16687d4abc2464.jpg
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär

Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär. Adamzada uly peýda getirjek şol oňyn başlangyçlaryň hatarynda energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, energiýa serişdeleriniň iberilmegini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin innowasiýalary ornaşdyrmak we peýdalanmak ýaly başlangyçlar bar.


16980d62732205.jpg
Täze guýy üstünlikli burawlanyldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň daýanç sütünleriniň biri bolan nebitgaz senagatyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.