PAÝTAGT GIJELERI

15:48 05.05.2021 3775

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/2138/original-1609277f32c75c.jpeg

(Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)

Daglaryň başyna şal deý oralan
Gije ýalkym çaýdy penjirelere.
Ýeke-ýeke ýanyp başlan çyralar,
Meňzedi bir geňsi şemçyralara.

Şemallaryň taryn kakan baglaryň
Bahar gelse bormy gülden heý, kemi?
Heýjany sen ajap-ajap çaglaryň-
Aşgabadym ak arzuwlaň heýkeli.

Gyzgyn çaýa düşen datly şeker deý
Gije eräp barýar ýagta ýer edip.
“Ýyldyz dagym” ýyldyzly dag bolupdyr-
Watan şanyn ile ýaýýar telediň.

“Saglyk ýoly” ajap çyralar bilen
Giňdiwar dagyna jäheklenipdir.
Ümürleç göwünli şu gije asman,
Gyz edaly Aýa sähet beripdir.

Aşgabat agşamy müň yşyk bilen,
Çalym edýär ak pamyk deý gundaga.
Didäňe diňlede gijäň aýdymyn,
Düýş görüber, gözleriňi ýumma-da...

AŞGABAT BAHARY

Daglaň depesine çermelen gyşlar
Gülälek, jüm-jüme bolup indiler.
Asman yşkyn alyp gaýdan ýagyşlar,
Ylla gökden ýürek bolup tändiler.

Ak şähriň gujagy bossany Erem,
Göýäki bir merjen ýaly, dür ýaly.
Ak gyşlarda alna ýaraşyk beren
Ak ýalkym eremän galypdyr ýaly.

Donsuz galan baýyrlara geýim eder,
Ketenä çalm eden bahar gülleri.
Aşgabadyň köçelerine seýl eder,
“Belent daglaryndan inen ýelleri”

Asman gürlär, Senem oňa goş mukam,
Ýatladyp bagşynyň gara gazmasyn.
Onsoň neneň bagşy çalmaz hoş mukam,
Şahyr şygyr ýazmabilse ýazmasyn.

Seýran SEÝITMÄMMEDOW,
Serdar etrabynyň 11-nji orta mekdebiniň mugallymy.
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.

Başga makalalar
16980d5a3dc5bb.jpg
Arkalaşykly işiň miwesi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Marygazçykaryş» müdirliginiň gazçylary gaz känlerinden uglewodorod çig malyny çykarmak, tebigy gazy gaýtadan işläp, içerki hem-de daşarky sarp edijilere ýetirmek boýunça «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen atlandyrylan 2026-njy ýylyň her bir iş gününi zähmet üstünliklerine besleýärler.


16977967a9cf85.jpg
Nebitçilere talabalaýyk hyzmat edilýär

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň düzümine girýän Balkanabat tilsimat ulaglary müdirligi nebitçileriň ýakyn ýardamçysy hasaplanýar. Bu kärhananyň esasy wezipesi nebitçileri gündelik önümçilik meýdançalaryna gatnatmak, baýlyklar känlerini özleşdirmekde zerur bolan enjamlarydyr turbalary bellenilen ýerlere eltmek ýaly gaýragoýulmasyz işler bolup durýar.


16683ab4918c9b.jpg
Suw desgasynyň hyzmaty

«Türkmengaz» döwlet konserniniň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Marygazçykaryş» müdirligi boýunça gaz känlerinden tebigy gazy çykarmak, önümi harytlyk derejesine ýetirip, sarp edijilere ugratmak boýunça öňde goýulýan meýilnamalaýyn tabşyryklar gazçylar tarapyndan üstünlikli berjaý edilýär. Gazanylýan üstünliklerde müdirligiň hyzmat ediş kärhanalarynyň işgärleriniň hem mynasyp paýy bar. Kärhananyň durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň suw, bug üpjünçilik sehiniň suw arassalaýjy desgalarynyň işgärleriniň gazçylara hyzmat etmekdäki alyp barýan işleri-de bellärliklidir.


16687d4abc2464.jpg
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär

Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär. Adamzada uly peýda getirjek şol oňyn başlangyçlaryň hatarynda energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, energiýa serişdeleriniň iberilmegini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin innowasiýalary ornaşdyrmak we peýdalanmak ýaly başlangyçlar bar.


16980d62732205.jpg
Täze guýy üstünlikli burawlanyldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň daýanç sütünleriniň biri bolan nebitgaz senagatyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.