Petronas Türkmenistandaky Halkara maýa goýum forumynyň bürünç hemaýatkäri boldy
10:13 05.05.2021 11143
PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd. (Malaýziýanyň PETRONAS-yň golçur kompaniýasy) kompaniýasy Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň bürünç hemaýatkäri boldy. Forum ýurduň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanýar. Bu barada çäräniň Guramaçylyk komiteti yglan etdi.
12-13-nji maýda Aşgabatda geçiriljek Forumyň guramaçylary “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy, şeýle hem Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrligi «Turkmen Forum» HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.
Foruma dünýäniň gaz bazaryndaky halkara hünärmenler we esasy bilermenler gatnaşar. Bu çäre, türkmen döwlet edaralary bilen daşary ýurt nebit-gaz kompaniýalarynyň arasynda bilim alyşmak, ösdürmek we hyzmatdaşlygy berkitmek üçin platforma bolup hyzmat eder.
Çäräniň dowamynda ýangyç-energetika toplumynyň ösüşindäki ählumumy we sebitleýin ýörelgeler, şeýle hem bu ugurda sebit taslamalaryny durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Hazar deňziniň türkmen bölegine maýa goýumlaryny çekmek we gaz himiýa taslamalarynyň geljegi aýratyn üns merkezinde bolar.
Foruma gatnaşyjylaryň arasynda halkara guramalarynyň we edaralarynyň wekilleri, şol sanda PETRONAS, Dragon Oil PLC, Hytaý Milli Nebit Korporasiýasy (CNPC), Hyundai Engineering, Shell, Gaffney, Cline & Associates (GaffneyCline) ýaly öňdebaryjy nebit we gaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, NAPECO, Vitol we Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR), şeýle hem iri maliýe guramalarynyň öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşar.
PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd. Türkmenistandaky işine ýigrimi ýyldan gowrak ozal Hazar deňziniň Türkmen sektoryndaky "Blok 1"-iň çäginde önümi paýlaşmak hakynda şertnamasyna gol çekip başlady. 2009-njy ýylda Diýarbekir ýatagynda täjirçilik nebit önümçiliginiň we 2011-nji ýylda Magtymguly ýatagynda tebigy gaz önümçiliginiň başlamagy bilen bu kompaniýa Türkmenistanda uglewodorod öndürijileriniň we tebigy gaz üpjün edijileriniň birine öwrüldi.
Şeýle hem, kompaniýa bilime, zehinleri ösdürmäge we mümkinçilikleri ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berýär. Hemaýatkärlik maksatnamasyna laýyklykda şu güne çenli Türkmenistandan 162 talyp Malaýziýada ýörite bilim aldy. Häzirki wagtda 640 işgäri PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd. ýerli hünärmenlerdir.
2013-nji ýylda Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen PETRONAS-yň eýeçiligindäki PETRONAS Tehnologiýa Uniwersitetiniň (UTP) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama nebit-gaz pudagynda bilim we gözleg işlerinde tejribe alyşmaga gönükdirilendir.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi
19-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow wezipesine girişdi. Täze saýlanylan döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň birnäçesi bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri barada okyjylarymyza gürrüň berdiler.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.