Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri söwda-ykdysady ulgamda özara gatnaşyklary ösdürmek barada belläp geçdiler

15:32 30.04.2021 9939

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/2104/original-1608b906bd5f70.jpeg

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen penşenbe güni geçiren duşuşygynda ähli ugurlar boýunça türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Duşuşyk Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguz han» köşkler toplumynda geçirildi.

Şawkat Mirziýoýew Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasynyň aradan çykmagy zerarly türkmen Liderine we maşgala agzalaryna gynanç bildirip, şu agyr pursatlarda sabyr-takatlylyk, ruhy durnuklylyk arzuw etdi.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew söwda-ykdysady pudakda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hasaplanýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli höweslendirmegiň wajypdygyny nygtadylar. Şeýle hem taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit gün tertibiniň we halkara syýasatyň birnäçe wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Gurbanguly Berdimuhamedow iki goňşy ýurduň hem-de doganlyk türkmen we özbek halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady. Şol gatnaşyklar bolsa birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine hem-de taryhy-medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýar.

Taraplar pandemiýa sebäpli kyn günlerde türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda ýokary depgininiň saklanyp galnandygyna kanagatlandyrma bildirdiler.

Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde, soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 3 esseden gowrak artyp, geçen ýylyň jemleri boýunça 530 million dollara deň boldy. 150-den gowrak bilelikdäki kärhanalar döredildi.

Şeýle hem söwda, maýa goýum, senagat, ulag, energetika, maşyngurluşyk, ýeňil we azyk senagaty, oba we suw hojalygy ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleriň döredilmegi babatda Aşgabat ylalaşygynyň bilelikde ilerledilmegi, şeýle hem Hytaý-Merkezi Aziýa-Günorta Kawkaz-Türkiýe ugry boýunça multimodal geçelgeleriň netijeli ulanylmagy babatda pikir alşyldy.

Özbegistanyň Prezidenti türkmen Liderine Aşgabat şäherinde “Daşkent” seýilgähini döretmek baradaky başlangyjy üçin minnetdarlyk bildirip, onuň iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşany boljakdygyny belledi.

Soňra Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň bilelikdäki ulag kerweni Gypjakda ýerleşýän Baş metjide tarap ugrady. Iki dostlukly ýurduň Liderleri Türkmenistanyň Baş metjidine gelenlerinden soň, kümmete baryp, Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýagty ýadygärligini hatyraladylar.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow agzaçar sadakasyny berdi. Oňa Şawkat Mirziýoýew gatnaşdy.

Çäre tamamlanandan soň, Özbegistan Respublikasynyň Baştutany Watanyna ugrady.

Başga makalalar
1621db9d5594e9.jpeg
Nebitgaz toplumynyň önümleri birža söwdalarynda öňdeligi eýeledi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.


1684708528ab7e.jpg
Gözleg işlerindäki üstünlik

Häzirki wagtda Üňüzaňyrsy Garagumuň çäklerinde kükürtsiz tebigy gazyň gorlaryny agtaryp tapmak ýurdumyzyň gaz senagatyny ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Muňa soňky ýyllarda bu çäklerde açylan Agarguýy, Täjibaý, Täçmyradow, Hazarly we Demirgazyk Gazlydepe känlerini mysal getirmek bolar.


1621db9a46b535.jpeg
GDA-nyň Synçylar wekilligi Türkmenistanda Prezident saýlawlaryna taýýarlyga syn etmek boýunça öz işine başlady

Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Synçylar wekilligi öz işine başlady. Onuň agzalary Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda geçiriljek saýlawlary bilen baglylykda, türkmen tarapynyň çagyrmagy boýunça paýtagtymyza geldi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


16847080917f1b.jpg
Ekologiýa abadançylygyna, «ýaşyl» ykdysadyýete möhüm ähmiýet berilýär

Dünýäde ilatyň sanynyň artmagynyň, önümçilikleriň depgininiň ýokarlanmagynyň netijesinde ykdysadyýetiň ösmegi dowam edýär. Adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaklyga, ykdysadyýetiň pugtalandyrylmagyny gazanmaklyga gönükdirilen iri taslamalar durmuşa geçirilende ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi ýüze çykýar.


1621e1762178a7.jpeg
Ýurdumyzda Prezident saýlawlaryna uly gyzyklanma bildirilýär

«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji aýlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre açyklyk, aýdyňlyk, demokratik we giň bäsdeşlik esasynda geçirilýär. Häzirki wagtda onuň birinji tapgyry — ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak tamamlandy.