Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren wideoduşuşygynda täze taslamalary maslahatlaşdy
15:29 30.04.2021 8022
Çarşenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wideomaslahat görnüşinde “ARETI” (Şweýsariýa) halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow, “King&Spalding” hukuk kompaniýasynyň baş direktory hem-de hyzmatdaşy Endrýu Hruska, “Rizvi Traverse Management LLC” kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri we baş maýa goýum direktory Suhail Rizwi, “Legacy” maliýe kompaniýasynyň baş direktory, “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň prezidentiniň geňeşçisi Ýewgeniý Frenkel bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutany sebitde strategik orny eýeleýän Türkmenistan tebigy serişdelere örän baýdyr diýip belläp, alnyp barylýan syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň ýurduň yzygiderli öňe hereket etmegini gazanmakdan, ykdysadyýeti we durmuş ulgamyny ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleriň hemmesini peýdalanmakdan, ähli ulgamlara iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmakdan ybaratdygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, energetika pudagyny ösdürmek, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna maýa goýumlary çekmek üçin maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak, saglygy goraýyş, bilim, ylym we işewürlik ulgamlarynyň derejesiniň hil taýdan ösüşini üpjün etmek maksady bilen, täze maglumat tehnologiýalaryna maýa goýmak ýaly strategik ugurlar rowaçlygy gazanmagyň möhüm ýagdaýlary bolup durýar.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şu günki duşuşyk hem-de ara alnyp maslahatlaşmaga çykarylan meseleler amala aşyrýan strategiýanyň bölegidir. Milli Liderimiz Türkmenistanda taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmak üçin halkara maýadarlaryň konsorsiumynyň döredilmegi babatda gepleşikleriň başlanýandygyny goldap, işewürleriň ähli ugurlar boýunça tekliplerine garamaga taýýardygyny nygtady.
Türkmen Lideri taslamany işläp düzmek we şertnamalaýyn resminamalary taýýarlamak üçin degişli ýolbaşçylara düzümine ugurdaş döwlet edaralarynyň wekilleri girjek iş toparyny döretmegiň tabşyryljakdygyny belläp, nobatdaky duşuşykda bellenilen meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleriň kesgitleniljekdigini aýtdy.
Suhail Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy özüneçekiji maýa goýum ýagdaýyny döretmek üçin zerur bolan hukuk binýadyny ornaşdyrmagyň öňdebaryjy tejribesi boýunça ýurtlara hem-de halkara guramalara maslahat bermegiň köpýyllyk we üstünlikli tejribesine eýe bolan, özüniň wekilçilik edýän kompaniýasynyň işi bilen tanyşdyryp, Şweýsariýa tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän ählumumy maliýe institutlarynyň konsorsiumynyň Türkmenistanda durmuşa geçirilýän taslamalara maýa goýmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Döwlet Baştutany berlen maglumatlar üçin minnetdarlyk bildirip, ykdysadyýeti, maliýe we durmuş ulgamlaryny ösdürmekde peýdalanylyp bilinjek döwrebap tehnologiýalar babatdaky ýokary hilli innowasion taslamalara ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Döwletiň degişli edaralaryna hödürlenen maglumatlary öwrenmek, taslamanyň her bir meselesini bilelikde ara alyp maslahatlaşmak we geçirilen işler boýunça netijenamany taýýarlamak tabşyrylar diýip, türkmen Lideri aýtdy.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi
19-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow wezipesine girişdi. Täze saýlanylan döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň birnäçesi bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri barada okyjylarymyza gürrüň berdiler.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.