CNPC Türkmenistanyň Halkara nebitgaz forumynyň altyn hemaýatkäri boldy
10:52 27.04.2021 9933
12-13-nji maýda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumyň altyn hemaýatkäri hökmünde CNPC hytaý kompaniýasy çykyş eder.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän bu duşuşykda bazaryň öňdebaryjy gatnaşyjylary, maliýe işgärleri, alymlar we bilermenler ýygnanar, olar ýangyç-energetika pudagynyň we geosyýasy ösüşiň häzirki ýörelgeleri barada pikirleri we analitiki netijeleri hödürlär.
CNPC dünýädäki iň uly 50 nebit we gaz kompaniýasynyň sanawynda üçünji, dünýädäki TOP-500 kompaniýalarynda dördünji orunda durýar.
2007-nji ýylyň 17-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa döwlet sapary wagtynda «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägi boýunça Önüm paýlaşmak şertnamasy we «Türkmengaz» döwlet konserni bilen CNPC-niň arasynda tebigy gaz satmak we satyn almak şertnamasy baglaşyldy.
Bu resminamalara laýyklykda, CNPC «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginde tebigy gaz gözleg, işläp düzmek we öndürmek, şeýle hem Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi arkaly Hytaýa tebigy gaz ibermek boýunça doly göwrümli işleri amala aşyrar.
Bu transmilli turbageçirijiniň açylyş dabarasy 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Hytaýyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirildi.
Häzirki wagtda Türkmenistan-Hytaý turbageçirijisiniň 3 ugry bar: A, B we C şahalary hereket edýär. Geljekde D şahasyny gurmak meýilleşdirilýär.
Türkmenistan-Hytaý turbageçirijisiniň 10 ýyl ulanyşynda tebigy gaz eksportynyň umumy mukdary takmynan 296 milliard kub metre ýetdi.
CNPC hyzmatdaşlygyň durmuş düzümine, esasanam, Türkmenistanda sport hereketiniň ösmegine goşant goşýar. Şeýle hem bu kompaniýa, HHR-iň ýokary okuw jaýlarynda türkmen ýaşlary üçin hünär bilimini almaklygy guraýar gatnaşýar.
Tebigy gaz gorlary taýdan Türkmenistan dünýäniň iň baý ýurtlaryndan biri, Hytaýda bolsa “mawy ýangyja” bolan islegiň ýokarlanmagyna yzygiderli gözegçilik edilýär. Şol sebäpli energiýa hyzmatdaşlygy iki ýurt üçin hem peýdaly we geljegi uly hadysadyr.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi
19-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow wezipesine girişdi. Täze saýlanylan döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň birnäçesi bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri barada okyjylarymyza gürrüň berdiler.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.