Geçen hepdäniň birža täzelikleri
10:54 27.04.2021 7241
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 160-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we awiakerosini, şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ECO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar.
Mundan başga-da, Owganystanyň, Ermenistanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna reňksiz aýnany, nah ýüplügi, boýalan tüýjümek önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 29 million 826 müň dollaryndan gowrak boldy.
Hytaýyň işewür toparlarynyň wekilleri 3 million 960 müň manatlyk saryja goýnunyň ýüňüni satyn aldylar.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, gaplaýyş
plýonkasyny, şeýle hem el halylary, pagta lintini satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy 48 million 626 müň manatlykdan gowrak boldy.
Nebitgaz toplumynyň önümleri birža söwdalarynda öňdeligi eýeledi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.
Gözleg işlerindäki üstünlik
Häzirki wagtda Üňüzaňyrsy Garagumuň çäklerinde kükürtsiz tebigy gazyň gorlaryny agtaryp tapmak ýurdumyzyň gaz senagatyny ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Muňa soňky ýyllarda bu çäklerde açylan Agarguýy, Täjibaý, Täçmyradow, Hazarly we Demirgazyk Gazlydepe känlerini mysal getirmek bolar.
GDA-nyň Synçylar wekilligi Türkmenistanda Prezident saýlawlaryna taýýarlyga syn etmek boýunça öz işine başlady
Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Synçylar wekilligi öz işine başlady. Onuň agzalary Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda geçiriljek saýlawlary bilen baglylykda, türkmen tarapynyň çagyrmagy boýunça paýtagtymyza geldi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Ekologiýa abadançylygyna, «ýaşyl» ykdysadyýete möhüm ähmiýet berilýär
Dünýäde ilatyň sanynyň artmagynyň, önümçilikleriň depgininiň ýokarlanmagynyň netijesinde ykdysadyýetiň ösmegi dowam edýär. Adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaklyga, ykdysadyýetiň pugtalandyrylmagyny gazanmaklyga gönükdirilen iri taslamalar durmuşa geçirilende ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi ýüze çykýar.
Ýurdumyzda Prezident saýlawlaryna uly gyzyklanma bildirilýär
«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji aýlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre açyklyk, aýdyňlyk, demokratik we giň bäsdeşlik esasynda geçirilýär. Häzirki wagtda onuň birinji tapgyry — ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak tamamlandy.