«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» forumy geçiriler

12:23 21.04.2021 2393

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/2059/original-1607fd2efa6b53.jpeg

Şu ýylyň 12—13-nji maý aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» (OGT 2021) Halkara maýa goýum forumy geçiriler. «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan «Turkmen forum» hojalyk jemgyýeti we «GaffneyCline» (Beýik Britaniýa) kompaniýalar topary forumy guraýjylar bolup çykyş edýärler. Oňa Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylary, öňdebaryjy halkara nebitgaz kompaniýalarynyň, iri halkara maliýe guramalarynyň wekilleri gatnaşarlar.

 Şu ýylky forumy adaty we «Zoom Professional» platformasynyň binýadynda onlaýn görnüşinde geçirmek meýilleşdirilýär. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň mümkinçilikleri, ägirt uly kuwwatlyklary we bu ugurda sebit, dünýä derejesindäki taslamalary durmuşa geçirmekde eýeleýän orny, Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy, TOPH gaz geçirijisiniň ähmiýeti, Hazar deňziniň türkmen bölegine maýa goýumlaryny çekmek, gazhimiýa taslamalarynyň geljegi we başga-da wajyp wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar.  

Forumyň ýörite web sahypasynda (www.ogt-turkmenistan.com) bu halkara derejesindäki ähmiýetli çäre barada giňişleýin maglumatlar berilýär.

Başga makalalar
161dbd6e85ffdd.jpeg
TNGIZT EURO-6 standartyna laýyk gelýän A-98 kysymly awtobenziniň önümçiligini ýola goýdy

Türkmenistanda EURO-6 standartyň hil talaplaryna doly laýyk gelýän we ekologiýa taýdan has arassa bolan A-98 kysymly awtobenziniň önümçiligi başlandy. Bu barada Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçiren Hökümet mejlisinde habar berdi.


161dbd7a3698dc.jpeg
Türkmenistan we Owganystan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny işjeňleşdirmäge taýýar

Türkmenistanyň we Owganystanyň Hökümet wekilleri Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynda we beýleki infrastruktura taslamalarynda hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýarlygyny mälim etdiler diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


161dd22684609e.jpeg
Nebiti gaýtadan işlemegiň önümleri TDHÇMB-niň söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň47-si hasaba alyndy.


161dbd754833fa.jpeg
Gurbanguly Berdimuhamedow Derwezedäki gaz kraterini söndürmegiň usulyny tapmagy tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Derwezedäki ýanyp duran gaz kraterini söndürmegiň çözgüdini tapmak meselesini gozgady.


168c284a5b2e3a.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti täze Bitaraplyk şäherçesiniň açylmagy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara gutlag iberdi diýip, TDH habar berýär.