Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy Aşgabatda türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşdy

09:57 12.04.2021 8058

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/1996/original-160701fe3d0df1.jpeg

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada eýran hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip gelen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ägirt uly serişdelere we ykdysady kuwwata eýe bolan iki goňşy döwletiň deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan däp bolan hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.

Mohammad Jawad Zarif Eýran tarapynyň tutuş Merkezi Aziýada geosyýasy deňagramlylygy, parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň möhüm şerti bolan ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny hem-de häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge oňyn çemeleşmelerini goldaýandygyny belledi.

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri öz ýurdunyň işewür toparlarynyň hem öňden gelýän gatnaşyklary giňeltmäge hem-de Türkmenistanyň döwlet we hususy düzümleri bilen has ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşmalaryň çäklerinde ýola goýlan gatnaşyklaryň özara ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak häsiýetiniň goňşy ýurtlara diňe bir gazanylan ylalaşyklary üstünlikli durmuşa geçirmäge däl, eýsem, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny we usullaryny gözlemäge mümkinçilik berýändigi barada umumy pikir beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň işini işjeňleşdirmegiň hem-de dürli derejede ikitaraplaýyn duşuşyklary yzygiderli geçirmegiň zerurdygy aýratyn nygtaldy.

Soňra Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministrlikleriň arasynda geňeşmeler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Iki döwletiň DIM-leriniň arasynda hyzmatdaşlyk aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Sebit we halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Gurmasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Gurmasynyň çäklerindäki özara hereketlere seredildi. Sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmakda garaýyşlaryň meňzeşligi bellenildi. Owganystandaky ýagdaýlar boýunça pikir alşyldy.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly babatda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjynyň ähmiýeti nygtaldy. Eýran tarapy şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän parahatçylyga we ynanyşmaga bagyşlanan Halkara maslahata gatnaşmaga çagyryldy.

Hereket edýän hukuk resminamalaryna syn bermek bilen birlikde, Hazar deňziniň meseleleri hem-de Altynjy Hazar Sammitine görülýän taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Agzalan ugur boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda özara gyzyklanma bildirildi.

Gepleşikleriň netijesi boýunça iki döwletiň Daşary işler ministrleri “Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021-2022-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna” gol çekdiler.

Başga makalalar
1680b74fcd3842.jpg
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.


1680b17ce4baf2.jpg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistanyň Prezidenti bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Özbegistana dostlukly saparynyň çäklerinde 24-nji aprelde Samarkant şäherindäki Kongres merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi diýip, TDH habar berýär.


1680b13b50ebf9.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy

24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.


163295d2421857.jpeg
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär

Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


1680b56f64a7b7.jpg
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.