Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji gazyny ibermekde öňdeligi saklaýar

20:02 26.03.2021 8348

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/1914/original-1605d79daeae8b.jpeg

2021-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenistan Hytaýyň energetika bazaryna turba geçiriji gazyny ibermekde öňdeligi saklap gelýär diýip, Interfaks HHR-iň gümrük boýunça baş administrasiýasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.

2021-nji ýylyň ýanwarynda Hytaý 4,685 mlrd kub metr turba geçiriji gazyny import etdi. 2020-nji ýylyň degişli döwründe 4,366 mlrd kub metr tebigy gaz import edildi. Türkmenistan 2,786 mlrd kub metr. Russiýa – 916 mln, Mýanma – 357 mln, Gazagystan – 319 mln we Özbegistan – 307 mln kub metr gaz import etdi.

Hytaýa turba geçiriji gazyny ibermek boýunça Russiýa 2020-nji ýylyň dekabrynda Gazagystan öňde geçip, Türkmenistandan soň ikinji ýerde durýar.

Başga makalalar
1671216c9aec8c.jpg
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi

Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.


1623bfd1406366.jpeg
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy

Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.


1623c4aea51404.jpeg
Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi

19-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow wezipesine girişdi. Täze saýlanylan döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň birnäçesi bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri barada okyjylarymyza gürrüň berdiler.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.