Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen-saud toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görülýär
10:13 25.03.2021 7234
Şu ýylyň birinji ýarymynda Saud Arabystany Patyşalygynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen-saud toparynyň nobatdaky ýedinji mejlisini geçirilmek meýilleşdirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.
Wise-premýer şeýle hem mejlisi geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Hususan-da, duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň maýynda Saud Arabystany Patyşalygyna bolan resmi saparynyň çäklerinde gol çekilen ylalaşyklary we beýleki resminamalary durmuşa geçirmegiň meselelerini maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Mundan başga-da, taraplar söwda-ykdysady, maýa goýum, energetika, gurluşyk we senagat ulgamlarynda, dag magdany, azyk we derman senagaty pudaklarynda, hususy işewürlik ugrunda, saglygy goraýyş, oba we suw hojalygy, daşky gurşawy goramak, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, ylymdyr bilim, sport, medeniýet hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşarlar.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistany Saud Arabystany Patyşalygy bilen öňden gelýän dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny belledi. Şol gatnaşyklar bolsa ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit hem-de halkara guramalaryňdyr düzümleriň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýär.
Türkmen Lideri deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, özara bähbitli söwda-ykdysady hem-de işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmaga we sanly ulgama geçirmäge tarap ugur alynmagy, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarydyr iri taslamalar netijeli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin oňaýly mümkinçilikleri üpjün edýär.
Döwlet Baştutany bilelikdäki Hökümetara toparlaryň işiniň ähmiýeti barada aýdyp, özara bähbitlilik we uzak möhletlilik esasynda guralýan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň netijeli guraly hökmünde bu tejribäniň özüni gowy tarapdan görkezendigini nygtady.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi
19-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow wezipesine girişdi. Täze saýlanylan döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň birnäçesi bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri barada okyjylarymyza gürrüň berdiler.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.