«Türkmengaz» DK-nyň we «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.-iň» ýolbaşçylary hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar
18:21 19.03.2021 9663
Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanow 2021-nji ýylyň 18-nji martynda Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň prezidenti T.Watanabe bilen wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygyny geçirdi.
Duşuşykda Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ahal welaýatynda tebigy gazdan ekologiki taýdan arassa sintetiki benzin (ECO-93) öndürýän senagat toplumynyň (GTG) kepillik möhletiniň tamamlanmagy bilen bagly meselelere aýratyn üns çekildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetini belläp geçdiler hem-de özara bähbitli gatnaşyklary has hem işjeňleşdirmegiň täze ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi
19-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow wezipesine girişdi. Täze saýlanylan döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň birnäçesi bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri barada okyjylarymyza gürrüň berdiler.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.