Türkmen geologiýa ekspedisiýasy: Lebap welaýatynda ýerasty suwlaryň gözlegi

11:36 18.03.2021 8606

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/1855/original-16051a43dd78fc.jpeg

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Türkmen geologiýa-gözleg ekspedisiýasynyň Köýtendag topary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny ýokary önümçilik görkezijileri bilen dabaralandyrýarlar. Häzirki wagtda kärhananyň işiniň esasy ugry Lebap welaýatynyň ilatly nokatlaryny ýeterlik möçberde suw bilen üpjün etmek üçin ýerasty suwlaryň gözlemekde, olaryň ätiýaçlyklaryny anyklamakda, şeýle hem guýulary ulanmakda ýöriteleşýär.

Türkmenistanyň ilatly nokatlaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamanyň çäklerinde bu ýerde birnäçe suw arassalaýjy toplumlar guruldy. Lebap welaýatynyň Döwletli we Dänew etraplarynyň çäklerinde agyz suwunyň çeşmelerini gözlemek boýunça işler giň gerimde alnyp barylýar.

Şu günlerde Türkmen geologiýa-gözleg ekspedisiýasy Köýtendag etrabynyň çäginde toýun galyndylarynyň barlag işlerine girişdi. Toýunyň bu ýerdäki görnüşi kerpiç, çerepisa, sement we beýleki gurluşyk harytlarynyň önümçiliginde gymmatly çig mal bolup durýar.

Belläp geçsek, soňky ýyllarda bu sebitde gurluşyk harytlaryny öndürmek boýunça birnäçe döwrebap senagat kärhanalary işe girizildi. Şular ýaly desgalaryň biri hem önümçilik kuwwaty ýylda 1 mln tonna semente barabar bolan Lebap sement zawodydyr. Gözleg toparynyň hünärmenleri zawod üçin toýun çökündilerini gözlemek we ýüze çykarmak işlerini ýerine ýetirdiler.

Geljekde şular ýaly önümçilik kärhanalarynyň üstüni täze desgalar bilen ýetirmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, geologlaryň işiniň has hem işjeňleşmegine getirer.

Başga makalalar
1671216c9aec8c.jpg
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi

Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.


1623bfd1406366.jpeg
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy

Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.


1623c4aea51404.jpeg
Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi

19-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow wezipesine girişdi. Täze saýlanylan döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň birnäçesi bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri barada okyjylarymyza gürrüň berdiler.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.