Hökümet mejlisinde taslamalary maliýeleşdirmek we kars serişdelerini gaýtaryp bermek meseleleri maslahatlaşyldy
19:31 12.03.2021 6731
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, şeýle hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda iri taslamalary karzlaşdyryp maliýeleşdirmek, ýurdumyzyň kärhanalarynyň işiniň netijeliligini ýokalrandyrmak bilen bagly meseleler maslahatyň esasy mowzugy boldy.
Maslahatyň barşynda Prezident nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly meselelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz toplumyny ösdürmekde gazhimiýa önümlerini, ýokary goşulan bahasy bolan önümleri öndürmek üçin tebigy gazy netijeli ulanmak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.
Şu maksat bilen, soňky ýyllarda ABŞ-nyň 8 milliard 800 million dollaryndan gowrak möçberde daşary ýurt karz serişdeleri çekildi. Şol serişdeleriň häzire çenli 93 göterimi özleşdirildi diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Türkmen Lideri karz serişdelerini öz wagtynda gaýtarmagyň, aýratyn-da, çekilen serişdeleriň hasabyna gurlan senagat kärhanalaryny taslama kuwwatyna çykarmagyň wajypdygyny nygtady.
Döwlet Baştutany toplumyň önümçilik düzümleriniň işini kämilleşdirmek, karz alnan serişdeleri gaýtarmak bilen baglanyşykly meseleleriň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklanyp, toplumyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi.
Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanow degişli düzümlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, çekilen daşary ýurt karz serişdelerini öz wagtynda gaýtarmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Konsern boýunça daşary ýurt karz serişdeleriniň gaýtarmaga degişli galyndy möçberini tebigy gazyň goşmaça mukdaryny, suwuklandyrylan gazy, kükürdi, ECO-93 kysymly benzini daşary ýurt bazarlaryna ýerlemekden gelip gowuşjak serişdeleriň hasabyna gaýtarmak göz öňünde tutulýar. Milli Liderimiziň yzygiderli tagallalary bilen döredilen mümkinçilikleriň esasynda şu ýylyň mart aýy boýunça töleg borçnamalaryny hasaplaşmak üçin ähli zerur işler alnyp barylýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan bu meseläni çözmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleriň görülmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet konserniniň önümçilik kuwwatlyklarynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň, onuň işine täzeçil tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylmagynyň wajypdygy bellenildi.
“Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem nebitgaz enjamlaryny satyn almak barada baglaşylan şertnamany maliýeleşdirmek maksady bilen, çekilen daşary ýurt karz serişdelerini tapgyrlaýyn esasda gaýtarmak boýunça zerur tagallalaryň edilýändigi aýdyldy. Häzirki wagtda çekilen karz serişdeleriň galyndysy nobat tertibine laýyklykda, bellenilen möhletlerde bökdençsiz gaýtarylýar. Öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyz çekilen karz serişdelerini wagtynda gaýtarmak üçin kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, olaryň işini döwrebaplaşdyrmak we önümçilige häzirki zaman usullaryny, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini aýtdy. Pudaklaýyn kärhanalaryň taslama kuwwatyna çykarylmagy ugrunda zerur tagallalar edilmelidir.
Munuň özi karz serişdelerini öz wagtynda gaýtarmak boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini, iş öndürijiliginiň artdyrylmagyny we döwlet konserniniň eksport kuwwatynyň ýokarlanmagyny üpjün eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we “Türkmennebit” döwlet konserniniň ýolbaşçysyndan bu işleri berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.
“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde işleriň depginlerini ýokarlandyrmak, çekilen daşary ýurt karz serişdelerini wagtynda gaýtarmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.
Prezident hasabaty diňläp, düzümlere täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek maksady bilen, daşary ýurt maýa goýumlary, şol sanda karz serişdeleri çekilende olaryň gaýtarylmaly möhletiniň kesgitlenilişine, karz serişdelerini gaýtarmak möhletleriniň ylalaşygyna örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Çekilen karz serişdelerini bellenilen möhletlerde gaýtarmak üçin kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, olaryň işini kada laýyk ýola goýmak we önümçilige häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Baş prokurory B.Atdaýewe söz berdi. Baş prokuror ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerinde döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda geçirilen prokuror barlaglarynyň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, düzümlerde çekilen daşary ýurt karz serişdelerini netijeli özleşdirmek we olary wagtynda gaýtarmak meselelerinde käbir kemçilikleriň ýüze çykarylandygy habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti B.Atdaýewe düzümlerde daşary ýurt karz serişdelerini, maýa goýumlary wagtynda gaýtarmak we umuman, alnyp barylýan işleriň kanunalaýyk derejesini ýola goýmak bilen baglanyşykly meselelere yzygiderli seljermeleriň geçirilmelidigini tabşyrdy.
Döwlet Baştutany ýangyç-energetika toplumynda önümçiligi ýokarlandyrmak üçin kuwwatlyklaryň doly güýjünde peýdalanylmalydygyny, ykdysadyýetiň pugtalandyrylmalydygyny, munuň üçin bolsa toplumyň düzümindäki ylmy-barlag institutlarynyň işiniň kämilleşdirilmelidigini, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmalydygyny, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmelidigini belledi.
Türkmen Lideri şu meseleleriň, hususan-da, daşary ýurtly ygtybarly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek, işlere ulgamlaýyn çemeleşmek baradaky meseleleriň düýpli seljerilmelidigini aýdyp, bu babatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowa görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Abdrahmanowa söz berildi. Wise-premýer häzirki döwürde ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, maýa goýum taslamalarynyň ýerine ýetirilişi we umuman, nebitgaz toplumynda alnan daşary ýurt karz serişdelerini öz wagtynda gaýtarmak boýunça edilýän tagallalar barada hasabat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudaklarynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagynyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutany önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna we bu ugurda ylmyň ýokary gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, çekilen daşary ýurt karz serişdeleriniň öz wagtynda gaýtarylmagy halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň döwrebap derejede ösdürilmeginiň möhüm şertini emele getirýär. Munuň üçin bolsa kärhanalaryň taslama kuwwatyna çykarylmagy, önümçilik düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy zerur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we degişli işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy wise-premýerden talap etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow alnan daşary ýurt karz serişdelerini öz wagtynda gaýtarmak we onuň möhletlerine täzeden seretmek boýunça anyk teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Bilelikdäki kärhanalara göni maýa goýumlaryny çekmek arkaly täze gazhimiýa toplumlaryny gurmak boýunça işleriň depginlerini ýokarlandyrmak zerurdyr. Täze önümçilikleri gurmak üçin daşary ýurt maýa goýumlary, şol sanda karz serişdeleri çekilende onuň tehniki-ykdysady esaslandyrmalary jikme-jik taýýarlanylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi we taslamalaryň öz-özüni ödeýiş möhletlerini halkara tejribä laýyklykda seljermegi hem-de taýýar önümleri ýerlemegiň bazarlaryny öwrenmegi tabşyrdy. Şunda işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.
Nebitgaz toplumy döwletiň merkezi býujetini we daşary ýurt pulunda ätiýaçlyk gorlaryny esasy üpjün edýän ulgamdyr. Bu serişdeler ýurdumyzy durmuş-ykdysady hem-de senagat taýdan ösdürmäge, azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge we ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilýär.
Şoňa görä-de, ähli hünärmenler, ylmy we kömekçi işgärler, ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň ýolbaşçylary bu ulgamyň ösüşine mynasyp goşant goşmalydyrlar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Demokratiýanyň milli nusgasy dabaralanýar
Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda ,,Halk Maslahaty – demokratiýanyň milli nusgasy’’ atly maslahat geçirildi.
Türkiýä, Russiýa we Özbegistana 600 tonna töweregi polipropilen ýüplügi eksport edildi
«Bagtyýar gurluşyk» hojalyk jemgyýeti 600 tonna töweregi polipropilen ýüplügini eksport etdi. Hususan-da, kompaniýa bu önümi Türkiýä, Russiýa we Özbegistana iberdi diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi habar berdi.
Sagdyn jemgyýet — sagdyn durmuş
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» DK-nyň guramaçylygynda sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly maslahata toplumyň düzümlerinde zähmet çekýän işgärleridir hünärmenleri gatnaşdy.
Aşgabatda nebitgaz pudagynyň ekologiýa jähtleri boýunça TESC 2025 halkara maslahaty geçiriler
5-nji iýunda Aşgabatda «Uglewodorod känleriniň işlenip taýýarlanylmagynda innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň ekologiýa ähmiýeti» mowzugy boýunça TESC 2025 atly ylmy-amaly maslahat geçiriler.
Prezident Türkmenistanyň diplomatlaryny energetika we beýleki ulgamlarda iri halkara taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam etmäge çagyrdy
Anna güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerini hünär baýramçylygy bilen gutlady. Her ýylyň 18-nji fewralynda bellenilip geçilýän baýramçylyk mynasybetli iberen gutlagynda döwlet Baştutany «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň milli bähbitlerini halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp üpjün edýän we goraýan ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleri öňde goýlan belent wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek ugrunda ýadawsyz we döredijilikli zähmet çekýärler» diýip belleýär.