Energetika toplumy Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna goşuldy
12:58 04.08.2026 1047
Astanada «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary derejeli wezipeli adamlarynyň üçünji mejlisinde «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk meseleleri, şol sanda jemleýji resminamanyň taslamasy maslahatlaşyldy.
Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow wekilçilik etdi. Ol öz çykyşynda ýurdumyzyň Forumyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklap, Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini nygtady.
Şeýle hem «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitiniň we işewürler sammitiniň geçirilmeginiň sebit döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygy bellenildi. Bu çäreleriň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda täze göni gatnaşyklary ýola goýmaga, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin mümkinçilikleri giňeltmäge, şeýle hem senagat, energetika, ulag we logistika, sanly tehnologiýalar, oba hojalygy hem-de özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlar boýunça geljegi uly hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berjekdigi nygtaldy.
Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Çun Eý-heniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigi, bu hyzmatdaşlygyň köpýyllyk dostluk, özara ynanyşmak, hormat goýmak we düşünişmek ýörelgelerine esaslanýandygy bellenildi.
Şeýle-de şu nukdaýnazardan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda hemişe ileri tutulýan orny eýeleýän ýokary derejeli saparlaryň we gatnaşyklaryň aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem söhbetdeşler «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk bilen baglanyşykly derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar diýlip, DIM-niň habarynda aýdylýar.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.