Gubadagda gaz ulgamlary güýz-gyş möwsümine taýýarlanýar

10:11 03.08.2026 956

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/17509/original-16a7022ef8d594.jpg

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň düzüm birligi bolan «Gubadagetrapgaz» gaz hojalygynyň işgärleri Gubadag etrabynda gaz geçirijilerini we gaz sazlaýjy enjamlary düýpli abatlamak hem-de döwrebaplaşdyrmak işlerini alyp barýarlar. Bu işler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň öňümizdäki 35 ýyllygyna gabatlanyp, şu senä zähmet goşandy hökmünde garalýar.

Gubadag etrabynyň bitewi gaz ulgamyna dürli diametrli we basyşly 14 150 km-den gowrak gaz geçirijisi, şeýle hem 450-den gowrak gaz sazlaýjy we gaz paýlaýjy enjam girýär. Şu ýylyň başyndan bäri tassyklanan meýilnama laýyklykda Gubadag şäheriniň, şeýle hem Bereketli, Amyderýa, Abadanlyk, Gökçäge, Baýdak, Bitarap Türkmenistan, Ýaşlyk atly ýedi geňeşligiň çäginde gaz geçirijilerini gözden geçirmek, dikeltmek we düýpli abatlamak işleri alnyp barylýar.

Abadanlyk geňeşliginden Amyderýa geňeşligine çenli aralykdaky diametri 219 mm bolan orta basyşly gaz geçirijisini, Baýdak geňeşliginden Gökaýla geňeşliginiň Ýekederek obasyna çenli aralykdaky diametri 273 mm bolan gaz geçirijisini, şeýle hem Bitarap Türkmenistan geňeşligindäki diametri 159 mm bolan orta basyşly gaz geçirijisini reňklemek, abatlamak we güýz-gyş möwsümine taýýarlamak işleri eýýäm tamamlandy.

Häzirki wagtda Gökaýla geňeşliginde diametri 89 we 114 mm bolan gaz geçirijilerinde möwsümleýin gözden geçiriş, reňkleýiş we daýanç sütünlerini çalyşmak işleri dowam etdirilýär. Bu işlerde «Gubadagetrapgaz» gaz hojalygynyň daşarky gaz geçirijiler we gaz sazlaýjy enjamlar gullugynyň slesar-abatlaýjylary Serdar Baýnazarow, Merdan Ýegelekow, Nöker Sapargylyjow, Hemra Erkaýew, Penji Ýusupow, şeýle hem elektrokebşirleýjiler Erkebaý Tajibaýew we Döwletnazar Nepesow zähmet çekýärler.

«Gubadagetrapgaz» gaz hojalygynyň daşarky gaz geçirijiler we gaz sazlaýjy enjamlar gullugynyň ussasy Atamyrat Gurbannazarowyň aýtmagyna görä, tomus möwsüminde geçirilýän abatlaýyş we öňüni alyş işleri gaz ulgamynyň güýz-gyş döwründe bökdençsiz işlemegini üpjün etmäge gönükdirilendir. Bellenilişi ýaly, bu işler ýylyň başyndan bäri tassyklanan meýilnama laýyklykda Gubadag şäherinde we ýokarda agzalan ýedi geňeşlikde alnyp baryldy.

Etrabyň täze desgalaryny we çäklerini gaz bilen üpjün etmek boýunça milli maksatnamalara laýyklykda «Gubadagetrapgaz» gaz hojalygynyň işgärleri «Türkmenýöritenebitgazgurnama» ýöriteleşdirilen gurnama trestiniň gazlaşdyrmak boýunça gurluşyk-gurnama müdirliginiň Daşoguz welaýat şahamçasynyň işgärleri bilen bilelikde mundan ozal Gubadag geňeşligindäki Weliýap, Bereketli geňeşligindäki Gumoba we Abadanlyk geňeşligindäki Gumlyoba atly täze ilatly ýerleri gaz bilen üpjün etdiler.

Başga makalalar
168907d9f6caf2.jpg
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.