Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda ýedi aýyň jemlerine garaldy
16:52 02.08.2026 2339
2-nji awgustda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 1-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň geçen ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow hasabat ýygnagyny açyp, döwlet Baştutanymyzyň nebitgaz senagatynyň işgärlerine uly ynam bildirýändigine ünsi çekdi. Wise-premýer toplumyň işini kämilleşdirmekde we yzygiderli ösdürmekde ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini, önümçilik kuwwatlyklarynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny, kämil enjamlaryň, tehnikalaryň we innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylýandygyny, munyň netijesinde pudagyň öňünde wajyp wezipeleriň kesgitlenendigini belledi.
Maslahatyň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «TAPI Pipeline Company Ltd» kompaniýasynyň Baş direktory Muhammetmyrat Amanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Berdimyrat Amanow hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat bilen çykyş etdiler. Onuň dowamynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ýagdaýy, bu ýerde alnyp barylýan giň gerimli işler we ony häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda dowam etdirmek babatda aýratyn bellenilip geçildi.
Hasabat ýygnagynda nebitgaz pudagyny ösdürmek, täze uglewodorod ýataklaryny we känlerini ýüze çykarmak boýunça gözleg-geologiýa we çuňňur burawlama işlerini güýçlendirmek, şeýle hem Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan nobatdaky tapgyrynda zähmet çekýän işgärleriň netijeli iş alyp barmaklary üçin ähli zerur şertleri döretmek, döwrebap tehnikalary ulanmak arkaly çykarylýan önümiň möçberini we harytlyk derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň diwersifikasiýa we eksport mümkinçiliklerini has-da giňeltmek, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek, hünärmenleriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda berlen tabşyryklar hem-de öňde goýlan wezipeler barada giňişleýin durup geçdiler.
Wise-premýer Guwanç Agajanow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda durmuşa geçirilýän iri taslamalary hemişe gözegçilikde saklamagyň, pudagyň işine sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ornaşdyrmagyň, önümçilik, ösüş meýilnamalarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň, howa şertlerine görä, netijeli işleri geçirmegiň zerurdygyny belläp, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň öňünde möhüm wezipeleri kesgitledi hem-de pudagyň işgärlerine nebitgaz senagatyny ösdürmek babatda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýan wezipelerini netijeli çözmekde täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.