Türkmenistan bilen ÝTÖB hyzmatdaşlyk barada birnäçe resminama gol çekdiler

15:29 29.07.2026 899

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/17479/original-16a69d5f2940f7.jpg

28-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) ýolbaşçysy Odil Reno-Basso bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça birnäçe ugurlarda, şol sanda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalara gol çekildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar ÝTÖB bilen hyzmatdaşlygyň ýokary depginde dowam edýändigini bellediler.

Şeýle-de duşuşykda  Türkmenistanyñ  «ýaşyl» energetikanyň ösdürilmegini, sebitleýin özara baglanyşygy  we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny işjeň goldaýan  ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak ugruny ÝTÖB -niň  goldaýandygy nygtaldy.

Şeýle hem taraplar ulag-logistika infrastrukturasyny ösdürmek we sebitleýin ulag geçelgelerini, hususan-da Transkaspiý geçelgesini öňe sürmäge ýardam bermek boýunça geljegi uly taslamalara  seretdiler.

Duşuşygyň soňunda taraplar işjeň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmek  we göz öňünde tutulan meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimleri kesgitlemek barada pikir lerini beýan etdiler.

Duşuşykdan soň ÝTÖB bilen Türkmenistanyň birnäçe döwlet edaralarynyň arasynda resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Şol sanda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz», «Türkmennebit», «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň hem-de Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň arasynda Türkmenistanda durnukly energetika, daşky gurşawy goramak we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak çygrynda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Başga makalalar
168907d9f6caf2.jpg
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.