«Türkmennebit» DK-nyň kärhanalary birinji ýarym ýyllykda uglewodorodlary çykarmak boýunça meýilnamany artygy bilen berjaý etdiler
18:12 24.07.2026 1049
«Türkmennebit» döwlet konserni boýunça 2026-njy ýylyň geçen alty aýynda ýeriň astyndan çykarylan «gara altynyň» möçberi 2 million 53 müň tonna golaýlady.
«Nebitgazçykaryş» trestiniň müdirlikleri boýunça hasabat döwründe bellenilen meýilnamadan daşary 155 müň 800 tonna nebit çykarylyp, tabşyryk 108,5 göterim ýerine ýetirildi.
Konserniň kenarýaka çäginde iş alyp barýan «Hazarnebit» döwlet kärhanasy boýunça meýilnamadan daşary çykarylan «gara altynyň» möçberi 1 müň 227 tonna deň boldy.
Hasabat döwründe konserniň nebitgazçykaryş müdirlikleri tarapyndan 2 milliard 454 million 626 müň kub metr tebigy gaz çykarylyp, sarp edijilere ýetirildi.
Ýanaşyk gazlaryň bol akymyny almakda «Körpeje» gaz çykaryş müdirligi, soňra bolsa «Keýmir», «Goturdepenebit» we «Gumdagnebit» nebitgazçykaryş müdirlikleri nusgalyk işleri berjaý etdiler.
Serişdelere baý bolan ýataklarda «gara altyny» çykarmakda «Keýmir» nebitgazçykaryş müdirliginde gazanylan üstünlik has-da tapawutlandy. Bu kärhana boýunça geçen hasabat döwründe önümli guýulardan alnan nebit çig malynyň möçberi 236 müň 613 tonna ýetirilip, tabşyryk 122 göterim berjaý edildi.
Geçen alty aýda gazanylan üstünlikde konserniň «Goturdebenebit» we «Ýaşyldepe» nebitgazçykaryş müdirlikleriniň hem goşantlary uludyr. Bu öňdebaryjy kärhanalarda seredilýän hasabat döwrüniň meýilnamalary degişlilikde 111 we 115 göterimden hem gowrak ýerine ýetirildi.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, tutuş konsern boýunça nebit çig malyny çykarmakda gazanylan ösüş depgini 101 göterime golaýlady.
Konserniň önümçilik düzümleriniň maddy-tehniki binýadynyň täze tehnikalar we desgalar bilen yzygiderli berkidilmegi hem şu günki gazanylýan üstünliklere saldamly täsirini ýetirýär.
Şu günler «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitçileri 2026-njy ýylda dabaraly belleniljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyna zähmet sowgatlary bilen barmak maksady bilen netijeli zähmet çekýärler.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.