Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa döwlet sapary başlandy
14:42 17.07.2026 996
16-njy iýulda Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gruziýa bardy diýip, TDH habar berýär.
Tbiliside Gruziýanyň Prezidentiniň «Orbeliani» köşgünde Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili bilen Prezident Serdar Berdimuhamedowyň arasynda gepleşikler geçirildi. Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek gün tertibiň esasy meseleleriniň biri boldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ulag-logistika, kommunikasiýa we port infrastrukturasy ulgamlaryny ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda belläp, ýurtlarymyzyň Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Rumyniýa ugry boýunça “Hazar deňzi — Gara deňiz” ulag geçelgesini döretmek başlangyjyny goldaýandyklaryny aýtdy. Hazar we Gara deňiz sebitleriniň özara baglanyşdyrylmagy söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmekde uly mümkinçilikleri açýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow şu saparyň Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirip, Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge berýän ünsi üçin Prezident Mihail Kawelaşwilä minnetdarlyk bildirdi hem-de ony özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Gruziýa döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin “Ekspo Georgia” sergiler merkezine geldi.
Prezident Serdar Berdimuhamedowa forumda çykyş edip, 2026-njy ýylyň başynda ýurdumyzda maýa goýum Maksatnamasynyň tassyklanandygyny, onuň esasy maksadynyň Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşini 6,3 göterim derejede saklamakdan ybaratdygyny nygtady. Pudaklar boýunça alanyňda, ýangyç-energetika pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Döwlet Baştutany ýurdumyzyň dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» käniniň dördünji tapgyryny senagat taýdan özleşdirmäge girişendigini aýtdy. «Hazar deňziniň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek hem örän möhüm ugur bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda, biz bu ugurda daşary ýurtlaryň nebitgaz kompaniýalary bilen strategik hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýäris. Uglewodorod serişdelerini gaýtadan işleýän pudakda täze kuwwatlyklar işe girizildi. Häzirki döwürde taýýar suwuk nebit önümleri Aziýanyň we Ýewropanyň ýurtlaryna durnukly eksport edilýär. Türkmenistan dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän mineral dökünleri, polimerleri, beýleki himiýa önümlerini öndürýän zawodlary gurup, gazhimiýa pudagynda senagat taýdan kuwwatly ösüşi gazandy» diýip, Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Premýer-ministr Irakliý Kobahidze bilelikde Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisine baryp gördüler. Sergi eksponatlary ýurdumyzyň senagatlaşma depgininiň ýokary derejesini, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny tassyklaýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary dowam edýär.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.