Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
15:56 09.07.2026 729
8-nji iýulda Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Oňa toparyň türkmen böleginiň başlygy we agzalary, Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýetiň agzalary gatnaşdylar diýip, TDH habar berýär.
Nebitgaz we elektroenergetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy mazmunyny düzdi. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň hem uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmagy dünýäniň energetika bazarynda tagallalary utgaşdyrmak, giň gerimli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek babatda giň mümkinçilikleri açýar.
Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 1 müň 574 megawat bolan täze elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň alnyp barylmagy elektroenergetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin esas döredýär.
Mejlisde iki ýurduň arasynda ulag-logistika, üstaşyr geçirmek, sanly ösüş, telekommunikasiýa ugurlarynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iki ýurduň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, sebitde üstaşyr geçirmegiň möçberiniň artmagy döwrebap ulag infrastrukturalarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagy şertlendirýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda köpugurly ulag ulgamyny kemala getirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň ulag ulgamyndaky netijeli hyzmatdaşlygy sebitleýin we ählumumy ösüşiň bähbidine gönükdirilendir.
Ýurtlarymyz halkara ulag geçelgeleriniň çatrygynda möhüm üstaşyr geçirijiler bolup çykyş edýärler. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, Baku Halkara deňiz söwda portunyň döwrebaplaşdyrylan düzümleri Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ýükleri üstaşyr geçirmekde iň amatly ýollary üpjün edip, Hazar sebitini kuwwatly logistika merkezine öwürýär.
Mejlise gatnaşyjylar şu gezekki gepleşikleriň iki ýurduň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbitlerine netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň dokuzynjy mejlisiniň jemleri boýunça kabul edilen degişli Teswirnamada hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça bilelikde durmuşa geçiriljek anyk işler kesgitlenildi.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.