«Nebit-Gaz» gazetiniň redaksiýasynda «Yonhap» agentliginiň habarçysy bilen duşuşyk geçirildi

15:46 05.07.2026 1225

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/17291/original-16a4a35fe4e707.jpg

2026-njy ýylyň 16 — 17-nji sentýabrynda Seul şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň öňüsyrasynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda maglumat-aragatnaşyk hyzmatdaşlygy işjeňleşýär. Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy habarlar agentligi bolan «Yonhap» agentliginiň habarçysy Song Dohýonyň Türkmenistana sapary bu ugurdaky möhüm wakalaryň biri boldy. Žurnalist türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ösüşi hem-de mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň geljegi barada materiallary taýýarlamak maksady bilen ýurdumyza geldi.

Saparyň çäklerinde «Nebit-Gaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň baş redaktory Ussa Ussaýew «Yonhap» agentligine interwýu berdi. Ol söhbetdeşlikde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada gürrüň berdi.

Interwýudan soň Song Dohýon redaksiýanyň döredijilik topary bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň nebitgaz pudagynda köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläkki ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda dünýäniň iň iri gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmegi hyzmatdaşlygyň iň üstünlikli mysallarynyň biri hökmünde bellenildi. Koreýa Respublikasynyň «Hyundai Engineering Co., Ltd.» kompaniýasy taslamanyň birinji tapgyrynyň durmuşa geçirilmegine, şol sanda tebigy gazy kükürtden arassalaýan desganyň gurluşygyna işjeň gatnaşdy.

Günorta Koreýanyň kompaniýalary Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem uly goşant goşdy. «LG International Corporation» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda nebiti gaýtadan işlemegiň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän häzirki zaman tehnologik desgalar ulanmaga berildi.

Türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ýene-de bir üstünlikli mysaly hökmünde Gyýanly şäherçesinde gazhimiýa toplumynyň gurulmagy görkezildi. Bu ýerde häzirki zaman ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalar esasynda polietilen we polipropilen önümçiligi ýola goýuldy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselesine aýratyn ähmiýet berilýär. «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Koreýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (KOICA) bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde Mary şäherindäki nebitgaz orta hünär okuw mekdebi üçin döwrebap okuw binasy guruldy. Bu ýerde okuw otaglarynyň we barlaghanalaryň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilmegi isleg bildirilýän inžener-tehniki ugurlar boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga giň mümkinçilik döredýär.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň senagat, energetika, bilim, innowasiýalar we ekologiýa taslamalary ýaly ugurlary öz içine alyp, yzygiderli ösdürilýändigini bellediler. Şeýle hem Seul şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» sammitiniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek, dostlukly gatnaşyklary berkitmek hem-de täze özara bähbitli başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin möhüm meýdança boljakdygy nygtaldy.

Başga makalalar
168907d9f6caf2.jpg
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.