Türkmenistan we Hytaý energetika bilimi ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkidýär

16:02 24.06.2026 1371

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/17212/original-16a3bb907649cd.jpg

22-nji iýunda Pekindäki Hytaý nebit uniwersitetinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlar düzümi üçin hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre bilelikdäki Türkmen-Hytaý energetika okuw merkeziniň binýadynda guraldy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron neşirinde habar berilýär.

Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynyň wekilleri, Hytaý nebit uniwersitetiniň ýolbaşçylary we mugallymlary, şeýle hem Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar.

Çykyş edenler bilim, ylym we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ýaly ugurlary öz içine alýan türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini aýratyn nygtadylar.

Duşuşygyň dowamynda şu ýylyň aprel aýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýer-ministriniň orunbasary Din Sýuesýanyň Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde açylan «Lu Ban ussahanasynyň» üstünlikli işi hem bellenildi.

Iş duşuşyklarynyň dowamynda taraplar ugurdaş bilimleriň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, iki ýurduň öňdebaryjy nebit-gaz ýokary okuw mekdepleriniň arasynda tejribe alyşmagy giňeltmek, şeýle hem bilelikdäki bilim taslamalaryny ösdürmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Resmi bölegiň tamamlanmagyndan soň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekiliýetiniň agzalary hem-de türkmen diplomatlary Hytaý nebit uniwersitetiniň talyplary bilen duşuşdylar.

Başga makalalar
168907d9f6caf2.jpg
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.