Baku şäherinde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň gepleşikleri geçirildi
14:41 23.06.2026 1313
22-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Ilham Aliýew bilen gepleşikleri geçirdi. “Zagulba” köşgünde ikitaraplaýyn hem-de giňişleýin düzümde gepleşikler geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Taraplar döwletara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyp, syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gönükdirilen maksatlaryny tassykladylar.
Energetika, ulag, ekologiýa meselelerine, şeýle-de oba we suw hojalygyndaky bilelikdäki taslamalara aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany haryt dolanyşygyny mundan beýläk-de artdyrmak üçin iki taraplaýyn hökümetara toparyň işini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.
Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Bilelikdäki Beýannama gol çekmek hem-de ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy.
Alşylan resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda energetika babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we çuňlaşdyrmagyň esasy ugurlary hakynda Ylalaşyk we beýleki resminamalar bar.
Soňra dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Beýannamada taraplar Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýändigini belläp, saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, ilki bilen, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe bildirilen myhmansöýerlik hem-de bilelikde işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi we şu günki duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň, olary mundan beýläk-de giňeltmegiň ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy.
“Gepleşiklerde iki döwletiň abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de yzygiderli dowam etdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy. Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hazar deňzinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerindäki ýakyn gatnaşyklary dowam etdiriler” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleriniň içgin ara alnyp maslahatlaşylandygyny, energetika, ulag, himiýa, dokma senagaty we beýleki birnäçe ulgamlaryň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bellenilendigini nygtady.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.